Işewür gatnaşyklar okgunly ösdürilýär

28 Iýun 2024
47

Dünýä döwletleri we halkara derejeli iri kompaniýalar bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

25-nji iýunda döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

«Nesil».
Beýleki habarlar