"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýa­şyl tu­gum — mer­te­bäm

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Tug her bir mil­let­de bol­şy ýaly, hal­ky­my­zyň mer­te­be heý­ke­li, ar-na­my­sy, döw­le­ti­mi­ziň syn­maz er­ki­niň, bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň, döw­let­li­li­gi­niň ny­şa­ny. Ene top­ra­gyň, ata Wa­ta­nyň mu­kad­des bol­şy ýa­ly, Döw­let baý­da­gy­myz hem mu­kad­des­dir. 

Ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň go­şa ga­na­ty

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 18-nji maý Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn mö­hüm baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri. Bu gün­de ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň dö­re­di­len gün­le­ri giň­den toý da­ba­ra­la­ry­na bes­le­ni­lip bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Magtymguly we Gahryman Arkadag

Bagta sary uzap ýollar,Aladalar ýatdan çykdy.Yzda galdy ýowuz ýyllar. Gussalary bagry kesen,Ýitgileri ýeňip geçip,Ýaşaýarys aman-esen.

«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

Ýurdumyzda toýlar dowamly tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlaryň gabarasy has-da üýtgeşik. Çünki üstümizdäki ýylyň dana akyldarymyzyň ady bilen baglydygy-da köp zady aýan edýär. Çawy dünýä ýaýran Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen akyldary bolman, umumadamzat şahyrydyr. Şonuň üçin doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýuny ençeme halklar, ençeme döwletler toýlaýarlar. Akyldaryň düre deňelýän şygyrlaryny öz dillerine terjime edip, okyjylar köpçüligine ýetirýärler, ozal terjime edilenlerini gaýtadan neşir etdirýärler. Şahyryň şanly senesi mynasybetli dabaraly çäreleri geçirýärler. Düýn Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýaýbaňlanan dabaraly çäreler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahat bilen başlandy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda Gündogaryň beýik danasynyň çuňňur paýhasynyň, filosofiýasynyň umumadamzat gymmatlygydygy nygtaldy. Pyragyny dünýä jemgyýetçiligine has ýakyndan tanatmagyň, döredijiligini öwrenmegiň ünsden düşürilmän, häzirki depginde dowam etmegiň zerurlygy barada aýdyldy.

Döwletliligiň baş nyşanlary

Ýurt berkararlygynyň goşa sütüni

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 32 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ýeten derejeleri, hukuk ulgamyndaky demokratik özgertmeler, bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkeziň giň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we kitaplaryň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Bedewlere çäksiz buýsanç

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri elmydama üns merkezinde saklaýar. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Akademiýanyň ýapyk manežine gelen Milli Liderimizi bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy.

Mizemez mukaddeslikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, röwşen geljege ynamly barýan merdana hem zähmetsöýer halkymyz il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda ajaýyp baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna-da, asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany bolup al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyza-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli zamanada eşretli durmuşyň hözirini görýän merdana hem zähmetsöýer halkymyz mukaddeslik hökmünde garaýar we bu ajaýyp hakykata biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň esasynda hem kemsiz göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýen dürdäne sözleri hem munuň

Arzuwlary wysal bolan akyldar

Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, ýigit, goç ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragy şygyrlarynda serkerde, merdana ýigit bolmagyň şertlerini beýan edipdir. At-ýarag edinmegi watançy ýigitleriň borjy hasap edipdir. Sebäbi at-ýarag mertligiň nyşany hökmünde görlüpdir.

Ylmy-amaly maslahat

13-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa we Döwlet baýdagymyz berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň hem-de rowaçlygymyzyň belent maksatlaryna ruhlandyrýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili we ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir», «Asudalygyň hem buýsanjyň beýany», «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we milli demokratiýa berkararlygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň sarsmaz sütünidir» atly bölümlerde dowam etdi.

Beýik akyldar hem alym

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sina ady adamzadyň taryhynda ebedilik galan ägirt şahsyýetdir. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Muňa Gündogaryň bu meşhur akyldarynyň we lukmançylygyň täze, has baý eýýamyny esaslandyran beýik ynsanyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň hemişe öwrenilendigi, öwrenilýändigi, adynyň müň ýyldan gowrak wagtdan bäri hem adamzadyň dilinden düşmän gelýändigi-de doly şaýatlyk edýär» diýen sözleri-de aňryýany bilen tassyklaýar. Abu Aly ibn Sina diňe bir lukmançylykda däl-de, dürli ugurlarda ägirt uly miras galdyrypdyr. Dünýäniň köp ýerinde, esasan hem, Ýewropada Awisenna ady bilen tanalýan akyldaryň 29 ugur boýunça 450 iş ýazandygy barada maglumatlar bar. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Bejeriş hakynda kitap» ýaly eserlerinden, keselleriň öňüni almak, bejermek, dermanlyk ösümlikleriň peýdasy baradaky pikirlerinden ençeme asyrlar bäri netijeli peýdalanylyp gelinýär.

Çaga terbiýesinde beden maşklarynyň ähmiýeti

Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere ymtylmagyň aýdyň beýanydyr. Sport bilen meşgullanmak we bedeniňe erk etmek beden saglygynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine rowaçlyk berýän Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek milli taglymata öwrüldi. Her bir adam çagasynyň sagdyn, şähdaçyk, başarjaň, akyl taýdan ösen bolmagyny isleýär. Bu häsiýetleriň çagalarda bolmagy bize daşky gurşawa we olaryň terbiýesine baglydyr. Çaga näçe kiçi bolsa, ol şonça-da düşbi bolýar. Şonuň üçin oňa terbiýe bermäge irki çagalyk döwründen başlamalydyr.

Berkararlygyň we asudalygyň baýramy

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — berkararlygyň we asudalygyň kepili» diýen at bilen geçirilen bu maslahata welaýatyň prokuratura, kazyýet edaralarynyň işgärleri, polisiýa müdirliginiň wekilleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda döwletimiziň taryhy tejribesine we häzirkizaman gazananlaryna bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda berkarar döwletimiziň ösüşiniň hukuk binýady hasaplanylýan Esasy Kanunymyzyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berk binýady bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle-de demokratik we hukuk döwletimiziň ösüş ýolunda bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda türkmen jemgyýetinde diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine ýugrulan syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

«Belentde parlaýar adalat Tugy»

Etrabymyzyň Garabekewül şäheriniň «Diýar» toý mekanynda ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Belentde parlaýar adalat Tugy» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa önümçiligiň öňdebaryjylary, uly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň buýsançly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bolelin, bagtly durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýändigi, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň beýik ösüşleriň binýadyny döredýändigi, ýaşyl Tugumyzyň bolsa milli buýsanjymyza öwrülendigi barada giňden durlup geçildi. Dabaranyň dowamy etrap medeniýet bölüminiň guramagynda aýdym-sazly çykyşlara we göwün göteriji tanslara utgaşyp gitdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürýän, mähriban halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täzelik

Türkmenabatdaky demirbeton önümleri kärhanasynda gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan önümleri öndürmekde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde demir-beton önümleriniň 0,6 müň kub metri, harytlyk betonyň 0,5 müň kub metri, asfaltyň bolsa 50 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 667 müň 179 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Millilik ýüregimizde — sarpa goýýarys uludan Golaýda şeýle at bilen etrapdaky 22-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlardyr ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.