"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz okuw işiniň has netijeli bolmagy üçin täze-täze başlangyçlary öňe sürýär. Döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepleriniň sany artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de okuwçylar elektron sözlüklerden we kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan we beýlekilerden peýdalanyp bilýärler. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir okuw sapaklaryny guramakda ygtybarly gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge-de ýarda

Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary

Hyrydarly harytlar «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti halkymyzyň islegine görä önümleri öndürmekde iň öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Döwrebap kärhanada dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly akylly telewizorlaryň birnäçe modelleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän akylly telewizorlar tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada öndürilýän akylly telewizorlara hojalyk jemgyýeti tarapyndan 1 ýyllyk kepillik berilýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde işine ussat hünärmenleriň 100-e golaýy yhlasly zähmet çekýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümlere bolan isleg barha artýar.

Elektron kitaplaryň ähmiýeti

Häzirki maglumat tehnologiýasy asyry adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna düýpli özgerişlikleri getirdi. Global internet tory okyjylara sanalgyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okamaga mümkinçilik berýär. Kitaplaryň elektron görnüşiniň zerurlygy, öndürijileri talabalaýyk täze tehnologiýalary oýlap tapmaga alyp bardy. Netijede, «Kindle» atly enjamlaryň täze görnüşleri oýlanyp tapylyp, ýazgylar gaty pigment bölejiklerde, mikrogurluşly materialda — süýümden edilen kagyz ýaly materialyň ýüzünde peýda bolýar. Aşagyndan ýagtylyk berilmegini talap edýän, ozaldan ulanylyp gelýän matrisa ekranlara garanyňda, ähli zat adaty kagyzyň ýüzünde bolup geçýär. Şeýle enjamlarda energiýa diňe şekiller zarýady bolmazdan hem uzak wagtlap saklanyp galýar. «Kindle»-leriň beýleki möhüm artykmaçlygy görüş aralygy bolup, ol adaty kagyzlaryň görüş aralygy bilen deňdir.

Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň her tapgyrynyň öz wezipeleri bar. Şeýle hem ol maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýyny, konsepsiýanyň maksadyny, wezipelerini, ony amala aşyrmagyň ugurlaryny, gurallaryny, maliýe taýdan üpjünçiligini we garaşylýan netijeleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýet bütin dünýäde innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär».

Akylly tehnologiýa — sagdyn geljek

Innowasion tehnologiýalaryň ösýän we kämilleşýän döwründe akylly öýler, şäherler we ýene-de ençeme durmuş zerurlyklary haýran galdyrýar. Akylly enjamlaryň ýerine ýetirýän hyzmatyndan peýdalanmak bolsa wagtyňy tygşytly ulanmaga ýardam edýär.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Kämil tehnologiýalaryň eýýamy Garaşsyz döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly bolan üstümizdäki ýylda-da ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bu ýol milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiki kuwwatlyklaryň giň ornaşdyrylýan üstünlikleriň ýoludyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi giň gerime eýe bolup, ähli ugurlaryň sanlylaşdyrylmagynda aýgytly ädimleriň badynyň artýandygyny bellemelidiris.

Mawy ekranyň taryhy

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — uzak we latyn dilindäki «visio» — görmek sözlerinden dörän telewizor sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem, ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr. Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra b

Kompýuter — ygtybarly enjam

Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär. Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar. Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.

Tehnologiýa dünýäsi

HALKARA SERGINIŇ IŇ GOWY SMARTFONLARY ■ ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen elektron enjamlaryň halkara sergisinde (CES 2021) dürli enjamlar bilen bir hatarda, smartfonlaryň hem birnäçe görnüşi tanyşdyryldy. Bu ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen sergide görkezilýän smartfonlaryň iň gowulary saýlandy. Taýýarlanan sanawda «OnePlus 8 Pro» birinji orna eýe boldy. Geçen ýyl tanyşdyrylan telefonyň 6,78 dýuým ululygynda QHD+ ekrany bar. «Snapdragon 865» mikroprosessory oturdylan smartfonyň hemişelik ýadynyň göwrümi 128 hem-de 256 gigabaýta deň. Telefonyň yz tarapynda dört sany kamera bolup, olaryň ikisi 48 MP durulygynda surata alýar. Şeýle hem 8 MP durulygynda telefoto we 5 MP durulygynda reňk öwüşginini berýän linzalar bar. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 16 MP durulygynda selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. «Android 10» amaly ulgamynda işleýän telefon çydamlylyk synagynda hem şowly netije görkezipdi.

Döwrebap ösüşe tarap

Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ähli ugurlarda iňňän uly ösüşleri gazandy.

Baky bagtyýarlygyň bagtly miweleriýetilen belent sepgitlerde we ösüşlerde has aýdyň şöhlelenýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi ýokary derejede alyp barýar. Dünýäniň häzirki zaman ösen tehnologiýasyndan netijeli peýdalanmak, şeýle hem raýatlara döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, gullukda resminamalaryň elektron dolanyşygy hem giňden ýola goýlandyr. Elektron resminama dolanyşygy hemra aragatnaşyk ulgamy we optiki süýümli kabel arkaly amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we gullugyň ähli birlikleriniň arasynda ýokary hilli ýörite aragatnaşyk tory gurnalan.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Adamzat işini aňsatlaşdyrýan, ýeňillik döredýän zatlary durmuşyna juda çalt depginde ornaşdyrýar. Ylmyň gazananlarynyň mynasyp durmuşa geçirilmegi adamlaryň işini ýeňilleşdirmek, uly mümkinçilikleri döredip bermek bilen birlikde, wagty tygşytlamakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle şertleriň döremeginde bolsa, esasy orun sanly ulgama degişli bolup durýar. Sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçilikleri netijesinde adamlar birnäçe amatlyklardan peýdalanýarlar. Häzirki wagtda onuň ýurdumyzyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy bilen ähli işlerde ençeme ýeňillikler döredi. Onuň netijesinde söwda merkezlerinde bank kartlary arkaly söwda etmekden başlap, dürli harytlary internet arkaly sargamak, zerur bolan tölegleri ýerine ýetirmek, «Türkmenhowaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň halkymyza hödürleýän mümkinçilikleri, ýagny petekleri onlaýn görnüşde satyn almak hem-de nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan sanly ulgamyň durmuşymyzdaky geriminiň barha giňeldilmegi ýaly şertler hem ýokarda aýdylanlara aýdyň subutnamadyr. Her gününi ösüşlere we üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna barýan Watanymyzda bu mümkinçilikler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolan gazetdir žurnallara h

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň maglumat giňişliginde öz beýanyny tapýar

Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Biziň innowasiýa nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän dünýämiz durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň doly sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň baş şerti hökmünde öňe çykarýar. Ösen sanly hyzmatlar ulgamynyň we maglumat giňişliginiň bolmagy durmuşymyzy ähli babatda ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek bilen, gündelik zerurlyklarymyza sarp edilýän wagty hem-de harajatlary tygşytlamaga ýardam berýär. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletde uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmak, ilkinji nobatda, ýurduň öňünde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek sanly hyzmatlar hem-de giň maglumat üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly hyzmatlar we maglumat üpjünçiligi ulgamy netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda degişli ugurda geçirilýän özgertmeler häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «www.iirmfa.edu.tm» internet

Multimedia tehnologiýalary we sanly bilim ulgamy

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol işleriň güýçli depginde amala aşyrylmagy tejribede özüniň mynasyp netijesini berýär. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek üçin şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydyr. Biz hem innowasion tehnologiýalaryň käbiri dogrusynda giňişleýin maglumatlary bermegi makul bildik. Multimedia grafika, tekst, wideo, fotosurat, hereketlenýän şekiller (animasiýa), ses effektleri, ýokary hilli sesi gurnaýjy ýaly birnäçe informasion gurluşlary öz içine alýar.

Aşgabat — geljegiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly (elektron) ykdysadyýete geçmek boýunça anyk meseleleri durmuşa ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. Häzirki zaman dünýäni sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň ösüşlerine uly ýardam edýär. Täze tehnologiýalar öýde, işde, bilimde, saglygy goraýyşda, umuman, ähli ugurlarda işjeň ulanylýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dö

Innowasion önümçiligiň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksat bilen eziz Arkadagymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Şol artykmaçlyklar, ozaly bilen, ägirt uly tebigy baýlyklaryň bolmagynda jemlenýär. Şolary senagat taýdan işläp taýýarlamak hem-de taýýar önüm görnüşinde çykarmak ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi. Innowasion önümçilige maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna netijeliligi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijileri, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň girdejileriniň çeşmesi bolup durýan, uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy ykdysady, senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrm

Dil öwrenmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy we tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryna doly laýyk gelýär.

Elektron aragatnaşyk hyzmatlary täze röwüşde

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda hem uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar. «Tmchat» — döwrebap aragatnaşyk

Eltip bermek hyzmaty

Hormatly Prezidentimiz 9-njy dekabrda söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda, ilkinji nobatda, içerki bazarlaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramagyň döwrüň ösen talabydygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalaryň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aradan satmak, satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňelýär. Täze ýyl baýramynyň giňden bellenilen günlerinde bu hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany has-da artdy.

Wirtual muzeý: döwür bilen aýakdaş

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär. Indi ata Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak isleýän syýahatçylar özleriniň kompýuterlerinde hem-de ykjam telefonlarynda internet arkaly «virtualmuseum.gov.tm» websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýerlerinden hem synlap bilerler.