Täze interaktiw platformany ýola goýar

19 Sentýabr 2021
1256

«Zoom Video Communications» kompaniýasy «Facebook» bilen bilelikde «akylly» tagtalar üçin täze özara işjeňlik platformasyny ýola goýýar. Bu barada kompaniýanyň resmi web-sahypasynda: «Wirtual duşuşygyň öňüsyrasynda, onuň barşynda we ondan soň hem wizual hyzmatdaşlygy üpjün edýän täze hemişelik interaktiw tagtany döredýändigimizi mälim etmekden hoşal» diýlip habar berildi.

«Zoom» bilelikde durmuşa geçiriljek «akylly» tagtanyň wirtual, şeýle-de asinhron hyzmatdaşlyk merkezine öwrüljekdigini tassyklaýar.

Taýýarlan: Laçyn ATABAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar