Sowadyjylaryň taryhyndan

17 Sentýabr 2021
1804

Häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda elektrik togy bilen işleýän enjamlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, sowadyjynyň ady tutulsa gerek. Çünki şu günki gün sowadyjylaryň hyzmatyndan peýdalanmaýan maşgala ýokdur. Eýsem-de, biziň öý şertlerimizdäki azyk önümlerimizi ter, oňat hilli saklaýan sowadyjylar haçan döredikä?

1850-nji ýylyň iýunynda amerikan lukmany Jon Gori ilkinji gezek ýörite enjam arkaly emeli buz ýasamagyň usulyny tapýar. Ol bu ugurda kompressor tehnologiýasyny ulanyp, häzirki zaman sowadyjylarynyň ilkinji görnüşini döredipdir.

Nurmyrat ARAMEDOW,
Görogly etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar