Halkara ähmiýetli elektrotaslama

16 Sentýabr 2021
1181

Dünýä bazarynda energiýanyň arzan, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine elýeterlilik ähli döwletleriň ösmeginde, olaryň halklarynyň abadançylygynda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibi» bu maksada ýetmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan, şol ýylyň oktýabr aýynda «Sumitomo» korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekilen taslama doly durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, 3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar. Öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Kakamyrat GARAÝEW,
Garagum etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilleriniň bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar