"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Öňdebaryjy lukmanlar höweslendirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan etrabyň Farap şäherindäki hassahanasynda «Saglygym ― baýlygym» atly dabaraly çäre geçirildi. Adyndan belli bolşy ýaly, bu çäre sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz yhlasy duran «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň täze wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge bagyşlandy. Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýaşulularyň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde lukmanlaryň uly toparynyň Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanylmagy, welaýatymyzdaky saglyk merkezleriniň ikisiniň durkunyň täzelenilip, ulanylmaga berilmegi, paýtagtymyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly serginiň, halkara maslahatlaryň geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XV jiltiniň çap edilmegi, iň şatlykly waka bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bütin dünýä ynsanperwerlik golunyň uzadylmagy ýaly aýratynlyklar uly ýakym bilen ýatlanyldy.

Baş baýlygyň goragynda

Berkarar döwletimizde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işiniň hiline aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlara ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giň gerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek babatda döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap düzümi emele getirildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Balyň peýdasy

Gadymyýetiň akyldarlary we lukmanlary ynsan ömrüniň uzaldylmagynda balyň ähmiýetiniň biçak uludygyny belläp geçipdirler. Statistiki maglumatlara görä, balçylar beýleki hünärdäki adamlardan köp ýaşaýarlar, seýrek syrkawlaýarlar, iş ukybyny uzak wagtlap saklaýarlar. Şu ýerde ýene bir bellemeli möhüm zat — balçylar hiç haçan düwnük keseli bilen kesellemeýärler. Munuň sebäbini alymlar şeýle düşündirýärler: birinjiden, balary idedilýän ýeriň özboluşly mikroklimaty bar. Bu bolsa ynsan bedeniniň bekemegine ýaramly täsir edýär. Bu ýeriň howasy diňe bir arassa bolman, eýsem, jana şypa beriji hasaplanýar. Gülleriň, balyň, mumuň, gül tozgajygynyň ysyna eýlenen howadan dem alýan balçy ýadawlyk duýmaýar. Jana ýaramly howa adam bedenindäki ähli ýagdaýlary sazlaýjy wezipesini ýerine ýetirýän beýniniň bardasyna oňaýly täsir edýär. Geçmişde yzygiderli bal iýip, uzak ýaşa ýetenleriň sany ýüzlerçe, müňlerçe. Balary idedijiler Mejit Adtem we Wera Minkina 101, Ýurdal Akima 103, Maksim Medow 105, Ajy Amet 106, Fýodor Fionow 115, Artýom Lagnaşwili 150 ýaşapdyrlar. 144 ýaşan Wasiliý Tişkin, 130 ýaşan Foma Wožnýak, 166 ýaşan Gunakbeý Gaziýew, 147 ýaşan Hansimurad Dadaýew, 150 ýaşan Mahmyt Eýwazow bal tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Wasiliý Tişkine 143 ýa

Pasla görä geýinmeli we iýmitlenmeli

Güýz — ähli şahyrlaryň ünsüni özüne çekýän pasyl. Altyn çaýylan güýzde tebigat owadan bolýar. Howa salkynlaşýar. Babadaýhanlar giň meýdanlardan bereketli hasyly ýygnaýarlar. Okuwa, işe gatnaýanlar biraz ýylyjak geýimlerini geýip başlaýarlar. Her gün irden ertirlikde limonly çaý, gyzgynjak süýt içmek jana hoş ýakýar. Gyzgyn tomusdan soňra güýzüň soňky günleri öňdäki gyşyň sowuk howasyny mälim edýär. Bu bolsa, eziz çagalar, uly nesliň we lukmanlaryň aýdyşy ýaly, pasla görä geýinmegi hem-de iýmitlenmegi talap edýär. Güýzde irden howa salkyn bolsa-da, soňra kem-kem gyzyp başlaýar. Howanyň şeýle üýtgäp durmagy sebäpli pasyl çalşygy döwründe, köplenç, dümewe duçar bolýarys. Şol sebäpli pasla görä geýinmek möhümdir. Irden öýden çykylanda hökman ýeňilräk, ýyly eşik geýnip çykmaly.

Saglyk - bagtyň gözbaşy

Ynsan ömrüniň bagtyýarlyga, ýaşaýşynyň abadanlyga beslenmeginde saglygyň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda halkymyzyň saglygy babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu gün ynsan saglygynyň kämil goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, täze hassahanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we başga-da saglyk maksatly birnäçe binalar guruldy hem-de bu ugurda ýene-de ençeme desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Düzgünleri berk berjaý ediň!

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Ynsan saglygyna melhem

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Şeýle beýik işler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli alnyp barylýar. Ynha, ýakynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide we ylmy maslahatda saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleriň amala aşyrylýandygy beýan edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem belent üstünlikleri gazanýandygymyzy subut edýär. Häzirki ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV jildini ýüzümize syldyk. Kitabyň many-mazmuny kalbymyzda orun aldy. Bu ajaýyp kitap diňe bir saglygy goraýyş işgärleri, mugallymlar üçin däl-de, eýsem, ähli ildeşlerimiz üçin hem gymmatly gollanmadyr. Çünki saglyk ynsanyň baş baýlygydyr.

Sagdynlygyň gözbaşy

Her paslyň öz aýratynlygy, täsinligi bolýar. Güýz paslynda howanyň sowamagy, ýagynlylygy, çyglylygy, hem-de üýtgemegi bilen möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döreýär. Her bir adam kesellerden goranmak arkaly sagdyn ýaşap hem-de nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemäge, geljekde ilatyň arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almaga amatly şertleri döredýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalaryna keselleriň öňüni almaga hemaýatly maslahatlary, şol sanda arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmegini gazanmak, sagdyn iýmitlenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Güýzüň howasy adama üýtgeşik täsir edip, tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Arassa howada gezmek, dem almak adama ýokumlydyr. Munuň ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda uly ähmiýeti bar. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Bag-bakjalaryň, tokaýlyklaryň, seýilgähleriň howasy bolsa ýakymly bolup, adamyň bütin bedenine oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmeli, daşary çykmazdan öň burun boşlu

Sag­lyk, bi­lim we sport ul­gam­la­ry­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di

«7/24 tm» № 42 (177) 16.10.2023 Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, Bi­lim mi­nistr­li­gi, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi we yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Her ýyl ge­çi­ril­ýän bu çä­re luk­man­çy­lyk yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na or­naş­dyr­ma­ga we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän ab­raý­ly fo­rum­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.

Süýt ha­kyn­da mag­lu­mat­lar

«7/24 tm» № 42 (177) 16.10.2023 Süýt adam be­de­ni üçin peý­da­ly önüm­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ol süňk­le­riň, diş­le­riň, be­de­niň ke­se­le gar­şy du­ru­jy­lyk uky­by­ny — im­mu­ni­te­ti ber­kid­ýär, aş­ga­za­nyň iý­mit siň­di­ri­şi­ne, nerw ul­gam­la­ry­na peý­da­ly tä­sir ed­ýär, ýü­rek sag­ly­gy­ny, uky­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga, saç­la­ryň we dyr­na­gyň ka­da­ly ös­me­gi­ne köp­ta­rap­la­ýyn oňyn tä­sir ed­ýär. Süýt kal­sä baý önüm­dir.

Sagdyn ekologiýa — sagdyn jemgyýet

Şu ýylyň iýunynda Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Täze «akylly» şäher binagärlik-gurluşyk aýratynlyklary, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gurlan edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň töwerekleri, seýilgähdir köçeler eýýäm dürli görnüşli baglara, al-ýaşyl zolaklara bürenip, göreniň gözüni dokundyrýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda uly alada edilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa, ilkinji nobatda, nesilleriň saglygyndan, ekologiýanyň arassalygyndan başlanýar. Halkymyzda «Durmuşyň gymmaty — saglykda» diýilmegi ýöne ýere däldir. Şoňa görä-de, Arkadag şäherinde açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, onkologiýa merkezi, köpugurly hassahana, Saglygy goraýyş müdirligi, saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi ýaly desgalar gönüden-göni saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolup, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ekologik taýdan arassa şäherde adam saglygy barada edilýän aladanyň ýokary derejesini görkezýär.

Limonyň peýdasy

Limon adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny has-da berkidýär. Häzirki günlerde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limony ary balyna garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.

Halk bähbitli asylly işler

Eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän nusgalyk işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen uzak geljegi nazarlaýan, çuňňur oýlanyşykly «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde, eneligi we çagalygy goramakda, keselleri has irki döwürde anyklamakda we bejermekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmekde, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda boýunça beýik işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň, şol ýylyň 27-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň ulanylmaga berilmegi täze taryhy döwürde halkymyzyň saglygyny goramakdaky möhüm ädimleriň aýdyň mysalydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki

Ynsan saglygy — baş baýlygymyz

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda giň göwrümli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy hil we maddy-enjamlaýyn taýdan has-da kämilleşdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň mynasyp bolan halkara güwanamalary Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Tebigy dermanhana

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri: pederlerimiziň paýhasy we dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman tejribesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip, paýhasly belläp geçýär. Dünýäniň lukmançylyk ylmynda hem ykrar edilişi ýaly, Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň saglygyny goramakda, berkitmekde durmuşa geçiren beýik işleri we tagallalary dünýäde lukmançylygy ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak tejribä öwrüldi.

«Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun»

1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli. 2. Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşy gözegçilikde saklamaly.

Lukmanyň maslahaty

Ýiti respirator keseli pasyllaryň çalyşýan möwsüminde has-da ýygylaşýar. Kesel dörediji wiruslar howa arkaly ýokuşyp, tiz ýaýraýar. Kesel, esasan, ýokarky dem alyş ýollarynda bolup geçýär. Ýiti respirator keselleri asgyrma, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, bokurdak agyry, burun dykylmasy, üsgürmek, ysgynsyzlyk, kellagyry, sesi gyrylmak ýaly alamatlar bilen başlanýar. Maşgala agzalarynyň birinde şu alamatlar ýüze çykanda, näsaga ýyly suwuklygy — limon, itburun, çopantelpek demlemelerini, miwe we gök önümlerden taýýarlanylan şireleri köp içirmeli. Bu içgiler bedeni ýokumlar bilen baýlaşdyryp, kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary, dürli tagamlary iýmeli. Burny, bokurdagy çala duzly suw we çopantelpekden taýýarlanan ergin bilen çaýkap durmaly.

Şa serpaýy yhlasly zähmete ruhlandyrýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň yzysüre ruhubelentligimizi has-da artdyran hünär baýramymyz — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly çärelere, şatlykly wakalara beslendi. Bu baýramyň her ýyl täze mazmun bilen baýlaşýandygy, giň gerimli dabaralar bilen utgaşýandygy bizi örän guwandyrýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen aýrylmaz baglydyr. Baýramçylyk güni ildeşlerimiziň, şeýle-de daşary ýurt raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi. Munuň özi Diýarymyzda saglygy goraýyş düzümleriniň netijeli işi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Döwrüň saglyk serpaýy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, düýn Lebap welaýatynda durky täzelenip, mümkinçilikleri döwrebaplaşdyrylan etrap hassahanalarynyň ikisi işe girizildi. Şeýlelikde, Dänew we Saýat etraplarynyň ýaşaýjylary ynsan saglygynyň goragçylarynyň şanyna tutulýan toý gününde uly ruhubelentlige beslendiler. Bu hassahanalaryň ikisiniň hem ýaşy ýarym asyra golaýlaýar. Adam hakdaky aladany alnyp barylýan syýasatyň baş ugry hasaplaýan döwletimiziň tagallalary netijesinde olaryň durky täzelenip, mümkinçilikleri doly döwrebaplaşdyryldy. Saglyk merkezleriniň ikisiniň hem durkuny täzelemek işlerini «Bäş ýol» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar.