Ynsan saglygy — baş baýlygymyz

13 Oktýabr 2023
422

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda giň göwrümli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy hil we maddy-enjamlaýyn taýdan has-da kämilleşdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň mynasyp bolan halkara güwanamalary Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Begenç SERDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar