Şa serpaýy yhlasly zähmete ruhlandyrýar

12 Oktýabr 2023
482

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň yzysüre ruhubelentligimizi has-da artdyran hünär baýramymyz — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly çärelere, şatlykly wakalara beslendi. Bu baýramyň her ýyl täze mazmun bilen baýlaşýandygy, giň gerimli dabaralar bilen utgaşýandygy bizi örän guwandyrýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen aýrylmaz baglydyr.

Baýramçylyk güni ildeşlerimiziň, şeýle-de daşary ýurt raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi. Munuň özi Diýarymyzda saglygy goraýyş düzümleriniň netijeli işi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Täçmyrat ALTYÝEW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar