Baş baýlygyň goragynda

17 Oktýabr 2023
636

Berkarar döwletimizde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işiniň hiline aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlara ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giň gerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek babatda döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap düzümi emele getirildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Annamyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri.
Beýleki habarlar