"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak barada uly alada edilýär hem-de bu döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen ata Watanymyzda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen şypahanalarda adamlar ýylyň dört paslynda dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak babatda geçirilýän işler ynsan saglygyny goramak baradaky syýasatyň, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň adamyň abadan hem eşretli durmuşyna gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Sebäbi sport sagdynlygyň sakasy, gujur-gaýratyň gözbaşy, ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýar.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlaryň berýän maslahatlaryny we ýörite düzgünleri berk berjaý etmek sagdyn ýaşamagyň kepilidir.  •Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli.

Adam saglygy — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi.

Buýan — şypaly ösümlik

Güneşli Diýarymyzyň Hydyr gezen sahawatly topragy dertlere derman ösümliklere baý. Şolaryň biri-de buýandyr. Halk arasynda «süýji buýan» diýlip atlandyrylýan ösümlik derman serişdesi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolup, irki döwürlerden bäri ynsan saglygyny goramakda giňden peýdalanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, şeýle-de Lukman Hekimiň «Melhemler» atly kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary, onuň kökünden dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň, ulanmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Buýan köküniň düzümi glýukoza, saponinler, efir ýaglary, salonin, pigmentler ýaly peýdaly ýokumlyklara baýdyr. Halk lukmançylygynda buýan köki üsgülewük, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynyň, on iki barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde, inçekeselde, gökbogma, içdäki ýaraly keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Buýan kökünden ýasalan däri-dermanlar gijilewügi, allergiýany, ýaralary bejermekde, adamyň immuno ulgamyny ýokarlandyrmakda we başga-da birnäçe kesellerde peýdalanylýar. Onuň köküniň düzüminde saklanýan ýokumlyklar ýokanç keseller, dürli sowuklamalar bilen baglanyşykly beden zäherlenmelerinde zyýansyzlandyryjy we peşew çykaryjy, temperatur

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Sagdyn durmuş ýörelgesi saglygy gowulandyrmaga we bedende patologiki hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegi adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaldyp, immunitetini has-da ýokarlandyrýar. Sagdyn durmuşyň esaslary dogry iýmitlenmekden, fiziki işjeňlikden, zyýanly endiklerden daş durmakdan, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda, ýagny, dogry iýmitlenmekde tagam beriji serişdeleri, tagamy güýçlendirijileri, ýagly iýmitleri, boýaglary we konserwantlary ulanmakdan gaça durmaly. Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza erbet täsir eder. Gündelik ýokumlylygyň mukdaryny 1700 — 1900 kilokaloriýa derejesinde saklamaga çalyşmaly. Günüň dowamynda 1,5 — 2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümlerini azaldyň. Ter gök önümlerini we guradylan miweleri köpräk ulanmaly. Nahardan soň gezmelemeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňizde et we balyk, gök önümler, miweler, galla, süýt we süýt önümleri bolmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Ukudan öň arassa

Lukman maslahat berýär

Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaga ýol bermeli däl. Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).

Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman sanjymlary yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy esasynda keselleriň öňüni almak, sanjymlara gözegçilik etmek, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Ömre ýol beriň!

Arada teleýaýlymdaky habarda çylşyrymly ýolda awtobusyň sürüjisiniň howlugyp gelýän «Tiz kömek» ulagyna ýol berşi görkezilýärdi. Ugurdaş ulaglaryň sürüjilerine azda-kände päsgelçilik döreden hem bolsa, onuň bu hereketini millionlarça tomaşaçy oňlady. Aslynda, sürüji haýsydyr bir ulaga däl-de, bir ömre ýol berdi. Her minudy, hatda sekundy hasaply «Tiz kömege» ýol berip, ýene bir adamyň bu dünýäde galmagyna sebäp bolandyr. Bu, aslynda, hemmämiziň borjumyz. Durmuşda her hili ýagdaý bolup bilýär. Kimdir biriniň garaşylmadyk ýagdaýda şikes almagy ýa-da haýsydyr bir nähoşluga ýolukmagy mümkin. Her birimiz şeýle ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegi başarmalydyrys. Eýsem, haýsy ýagdaýda nähili kömek bermeli? Bu sowalyň jogaby her birimize gerek bolup biler. Şonuň üçinem bular barada ýörite hünärmeniň ― welaýat Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň bölüm müdiri Nigara Hasanowanyň berjek maslahatlary bilen gyzyklandyk.

Hlorella suwotusynyň peýdasy

Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak meselesine çynlakaý çemeleşilýär. Ýyl-ýyldan ýaşaýşyň ösmegi, ilatyň köpelmegi, senagat we önümçilik kärhanalarynyň artmagy hem-de beýleki sebäplere görä atmosfera köp mukdarda zäherli gazlaryň zyňylmagy bolup geçýär. Netijede, atmosferada parnik gazlary toplanýar. Bu bolsa ekologiki taýdan howpludyr. Bu ýaramaz täsirleri aradan aýyrmak ýa-da azaltmak maksady bilen önümçilikde galyndysyz, gaýtadan işlenilýän tehnologiýany ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Atmosfera zyňylýan gazlaryň mukdaryny azaltmakda bir öýjükli suwoty bolan hlorellanyň ähmiýeti örän uludyr. Ol özüniň ösüş döwründe kömürturşy (CO2) gazy bilen iýmitlenip, kislorody (O2) bölüp çykarýar. Hlorella 1 kilogram mukdarda kömürturşy gazyny sorup alanda, 727,3 gram kislorod bölüp çykarýar. Diýmek, atmosfera zyňylýan zyýanly gazlaryň biri bolan kömürtuşy gazyny ulanyp, ekologiki taýdan arassa hem--de galyndysyz önüm almak mümkinçiligi ýüze çykýar.

Sagdynlyk kadalary

Dür­li ýo­kanç­lar­dan we zy­ýan­ly to­zan bö­le­jik­le­ri­niň ýe­tir­ýän tä­si­rin­den go­ran­mak üçin: — agyzbu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak;

Il saglygy — ýurt baýlygy

Häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, ýurdumyzyň ähli ýerinde ynsan saglygyny goramak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Agyz-burun örtügini dakynmak, iki metr aralygy saklamak hem-de arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek zerurdyr. Saglyk ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr. Her birimiziň saglygymyzy goramak öz elimizdedir.

Melhemlik otlar

Adamyň saglygy ― iň uly baýlyk,Mydama saglygy ýar etsin Halyk.Türkmen topragynyň mährine garyp,Saglygmyzy gorar melhemlik otlar. Eý, sahy tebigat, men saňa gurban,Her otuň tenekar, her çöpüň derman!Synam melhem tapar, has giňär dünýäm,Müň bir derde ýarar melhemlik otlar.

Öýken maşklary

Eýsem, öýken maşklary haçan gerek?! Öýken tutuş bedenimizi kislorod bilen üpjün edýän ýeke-täk agzadyr. Muňa mysal edip, öýken maşklarynyň arassa howada gezelenç etmek, ylgamak ýaly görnüşlerini görkezip bileris. Mahlasy, şeýdilende hem-ä şähdimiz açylar, hem-de öýkene kislorod baryp, ähli içki agzalarymyzyň sagdyn işlemegine ýardam bolar. Şeýle-de uludan dem almak dartgynlylygy azaldýar, degna ulgamyny, ýagny, tutuş bedeni rahatlandyrýar. Emma ýiti sowuklama kesellerini geçiren raýatlaryň ýörite öýken maşklaryny her gün azyndan üç gezek etmegi zerurdyr. Çünki sowuklamadan soňra öýken adaty ýagdaýyndan ep-esli kiçelýär. Onuň giňelmegine bolsa diňe öýken maşklary kömek edip bilýär. Bu ýagdaýda aşakda görkezilen maşklary ýerine ýetirmekligi maslahat berýäris. Geliň, bu maşklaryň her biriniň nähili ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçeliň! Birinji maşk. (Dim-dik durmak). Bu maşkda dik durup, minutda 40-60 gezek dem almaly. Bu bolsa öýkene 100 litr kislorod diýmekdir. Diýmek, çalt dem almagyň öýkeniň giňemegine uly ähmiýeti bardyr.

Müň derdiň dermany

Ýurdumyzda tebigatyň täsinliklerine, melhemlik ösümliklere baý ýerler örän köp. Gadymy Jeýhunyň ýakalary hem şolaryň hatarynda. Bu sebit Günüň bol şöhlesinden ganan melhemlik buýan ösümliginiň hem mekanydyr. Mälim bolşy ýaly, buýanyň ynsan saglygyna peýdasy örän kändir. Aýratyn-da dem alyş ýollaryna em bolýan bu ösümligiň gadyr-gymmaty bilen bu günki gün bütin dünýä gyzyklanýar.

Gyş aýlary ýüze nähili ideg etmeli?

Hünärmenler we lukmanlar gyşyň sowuk we şemally howalarynda ýüzümiziň derisine idegiň artdyrylmalydygyny belleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, gyş aýlary ýüzüň derisiniň gurap, ýag ýetmezçiligi duýulýar, şeýle-de antioksidantlar we käbir derini iýmitlendirijiler kemelýär. Bu bolsa deriniň gyzaryp, ýarylyp, hatda onuň wagtyndan öň garramagyna hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden bu aýlarda derini iýmitlendiriji E, C, A ýokumlara baý bolan önümler bilen iýmitlenmegimiz we ýörite ýüz üçin ýapgylary ulanmagymyz gerekdir. Geliň, bu barada hünärmenleriň berýän maslahatlaryny belläp geçeliň! 2 nahar çemçe gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Onuň üstüne 1 çaý çemçe käşir suwuny goşmaly. Taýýar garyndyny ýüze çalyp, 20 minut saklamaly. Soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzi iýmitlendirýär we ýalpyldadýar.

Baş maksadymyz — sagdynlyk

Ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giň gerim bermek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ýaş sporty söýüjileriň sanyny artdyryp, olary sagdyn durmuş endiklerine ugrukdyrmak döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu işleri netijeli guramakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň işgärleri-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olaryň Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda alyp baran işleri we Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňlerinde durýan wezipeleri barada bu guramanyň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Çopanow şeýle gürrüň berýär: — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hünärmenlerimiz orta we ýörite hünär okuw mekdeplerinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etdiler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary jemläp, ýaryşlary, sportuň milli görnüşleri we halk oýunlary boýunça bedenterbiýe-sport çärelerini, «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli Spartakiadanyň çäklerinde dürli sport çärelerini geçirdiler. Olara çagalaryň, ýetginjekleriň ýüzlerçesi gatnaşyp, özleriniň ukyp-b

Möwsümleýin kesellerden goranmagyň düzgünleri

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklik saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.