Möwsümleýin kesellerden goranmagyň düzgünleri

1 Fewral 2021
820

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklik saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.

Oguljennet NOWYÝEWA,
Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar