Buýan — şypaly ösümlik

1 Fewral 2021
909

Güneşli Diýarymyzyň Hydyr gezen sahawatly topragy dertlere derman ösümliklere baý. Şolaryň biri-de buýandyr. Halk arasynda «süýji buýan» diýlip atlandyrylýan ösümlik derman serişdesi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolup, irki döwürlerden bäri ynsan saglygyny goramakda giňden peýdalanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, şeýle-de Lukman Hekimiň «Melhemler» atly kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary, onuň kökünden dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň, ulanmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Buýan köküniň düzümi glýukoza, saponinler, efir ýaglary, salonin, pigmentler ýaly peýdaly ýokumlyklara baýdyr. Halk lukmançylygynda buýan köki üsgülewük, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynyň, on iki barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde, inçekeselde, gökbogma, içdäki ýaraly keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Buýan kökünden ýasalan däri-dermanlar gijilewügi, allergiýany, ýaralary bejermekde, adamyň immuno ulgamyny ýokarlandyrmakda we başga-da birnäçe kesellerde peýdalanylýar. Onuň köküniň düzüminde saklanýan ýokumlyklar ýokanç keseller, dürli sowuklamalar bilen baglanyşykly beden zäherlenmelerinde zyýansyzlandyryjy we peşew çykaryjy, temperaturany peseldiji serişde hökmünde ulanylýar. Dermanlyk ähmiýeti uly bolan buýan kökünden ýasalýan dermanlaryň ählisi jana şypalydyr. Şonuň üçinem halk arasynda buýana bolan isleg uludyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar