Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy

1 Fewral 2021
879

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak barada uly alada edilýär hem-de bu döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen ata Watanymyzda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen şypahanalarda adamlar ýylyň dört paslynda dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak babatda geçirilýän işler ynsan saglygyny goramak baradaky syýasatyň, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň adamyň abadan hem eşretli durmuşyna gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Sebäbi sport sagdynlygyň sakasy, gujur-gaýratyň gözbaşy, ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýar.

Gülşat KADYROWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar