"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Dünýä derejesindäki sport baýramçylygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz — dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurt. Bu ykrarnama Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylan dünýä nusgalyk beýik işleriň netijesinde eýe bolnandygy aýdyň hakykat. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Ýer ýüzünde sport döwleti diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolýandygyna her birimiz şaýat. 23 — 28-nji noýabr aralygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen bu hakykat ýene bir ýola dabaralandy. Ýurdumyzyň halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň yklymlaryndan 500-e golaý wekili türkmen paýtagtynda jemledi. 1999-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän, 2002-nji ýyla çenli her ýylda, şondan bäri bolsa her iki ýyldan bir sapar guralýan Kuraş boýunça dünýä birinjiligi Diýarymyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sportuň mekanydygyny, ýurdumyzyň islendik derejedäki uly ýaryşlary iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirip bilýändi

Çemionatyň nobatdaky oýunlary

Futbol Milli futbol çempionatymyz gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Balkanabadyň «Nebitçisi» 18-nji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygyny Mary şäherinde ýerli «Merwiň» garşysyna geçirdi we möwsümdäki 10-njy ýeňşini gazanmagy başardy. «Nebitçä» nobatdaky üç utugy getiren gollary 47-nji minutda Magtymberdi Berenow, 77-nji minutda Arslangylyç Nazgylyjow öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýer eýelerinden 68-nji minutda Amangeldi Saparow tapawutlandy.

Men bir ajap ile geldim

­Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan myhmanlaryň eziz Watanymyz baradaky mähirli sözleri ajaýyp döwrümize buýsanjyňy artdyrýar. Olaryň köňül kelamyny diňlänimizde gündogar akyldarynyň «Men bir ajap ile geldim» diýen dürdäne setirleri hakydaňa gelýär. Bu sözlerde ata Watanymyz Türkmenistanyň mukaddesligi, şeýle derejede ýurdumyzyň sport ýurdy hökmünde hem uly at-abraýa eýedigi, sport baýramçylygynyň, hakykatdan-da, nusgalyk derejede geçirilendigi aýdyň görünýär. Mohammad Reza Nassiri NEJAT, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň baş sekretary:

Ajaýyp sport baýramçylygynyň ýatdan çykmajak pursatlary

­Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny ýene bir gezek Ýer ýüzüne äşgär etdi. Soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda dünýäniň üns merkezinde orun alan ak mermerli Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Myhmanlar üçin mynasyp şertler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty sanlarda

Türkmen türgenleri altyn medallaryň 5-sini, kümüş medallaryň 6-syny, bürünç medallaryň 4-sini gazandy – Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklary Olimpiýa şäherçesindäki 5 müň tomaşaçy orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlenildi

28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlendi. Çempionaty umumylykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlamagy başardy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň birinji gününi türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medallar bilen jemläpdiler. Çempionatyň ikinji gününde türgenlerimiz 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medaly gazandylar.

Kuraş — 2023: Wepa Awlýakulyýew — dünýä çempiony!

60 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Wepa Awlýakulyýew dünýä çempiony boldy. Ol çempionatyň final tutluşygynda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňdi.

Kuraş — 2023: Sabina Kadyrowa — 16 ýaşda dünýä çempiony!

Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa 16 ýaşynda dünýä çempiony bolup, sportuň kuraş görnüşiniň taryhyna girdi. Ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşan türgen onda dünýä çempiony bolup hem türkmen sportunyň taryhyna girdi. Şirin Kubaýewanyň ezber şägirdi 78 kilograma çenli agram derejesinde finalda özbegistanly Filura Ergaşowany ýeňdi.

Kuraş — 2023: Jahan Muhammedowa ýene bir gezek dünýäniň wise-çempiony boldy

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jahan Muhammedowa Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa ýarym finaldan girişen Jahan Muhammedowa finalda özbegistanly Pokizahon Kamoldinowadan asgyn geldi.

Kuraş — 2023: Şatlyk Jumanyýazow türkmen ýygyndysynyň bäşinji kümüş medalyny gazandy

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda bäşinji kümüş medalyny erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow finalda gazagystanly Abilkair Mauleninden asgyn geldi.

Kuraş — 2023: Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldy

Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda ýene bir täsin netije alyndy. Zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde dominikanly 39 ýaşly türgen Audreý Arelis Puello Perez dünýä çempiony boldy. Ol şu çempionatda altyn medala mynasyp bolan iň uly ýaşly türgendir. Puello Perez finalda türkmenistanly Sabina Agajanowany ýeňdi.

Kuraş — 2023: Daýanç Omirow — dünýä çempiony!

Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Iki günläp dowam eden çempionatyň iň soňky altyn medalyny kerkili bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow eýeledi. Ol 81 kilograma çenli agram derejesinde finalda gazagystanly Bekadil Şaimerdenowy ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Türkmen sportunyň nobatdaky ýeňşi

Türkmenistanly türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 medal gazandylar Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmen sportunyň nobatdaky ýeňşi

Türkmenistanly türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 medal gazandylar Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Ýollar we ýürekler Aşgabatda birleşdi

Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda çykyş eden türgenlerimiziň 15-siniň hem medala mynasyp bolmagynyň başgaça düşündirişi ýok: diňe ähli ýürekler «Watan» diýip uranda, Watanyň abraýy, mertebesi hemme zatdan ilerde tutulanda, şeýle üstünlige ýetip bolýar! Taryhy özgerden goşa gün

Ata-eneler çempion perzentleriniň ýanynda

Iki günläp dünýä çempionatynyň göni ýaýlymda goýberilişini yzarlan bolsaňyz, siziň hem nazaryňyza ilendir. Çempionata, has takygy, ogullaryna, gyzlaryna, doganlaryna, dostlaryna janköýerlik etmek üçin milli ýygyndymyzyň türgenleriniň ýakynlary paýtagta köpçülikleýin gelip, ýaryşlaryň myhmanlary boldular. Muňa çempionatyň birinji gününde dünýäniň wise-çempiony Sanjar Abdyrahmanowyň, dünýä çempiony Dinara Rozykulowanyň ýakynlaryna gözüm düşende üns berdim. Düýn bolsa çempionlaryň we beýleki medalçylarymyzyň ýakynlary bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Şeýlelikde, türgenlerimiziň ählisi ilkinji gezek dünýä çempionatynda ata-eneleriniň, doganlarynyň öňünde çykyş etdiler.

Ýurdumyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Türgenlerimiz iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 23—28-nji noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýä derejesinde artýandygynyň aýdyň beýany boldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy.

Sport — dostluk köprüsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sportuň ösýän, abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň sport ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy döwletimiziň dünýäniň halkara sport ulgamyna netijeli goşulyşýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda dürli sport ýaryşlarynyň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Sport ýaryşlary sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygynyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir. Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly ýaryşlaryň diňe sport tarapyndan başga-da, bu işde ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk ugurlarynda özüne çekiji hyzmatdaş, baý medeni-taryhy mirasy, beýleki döwletleriň we halklaryň wekillerine hormat goýmak, dostlukly gatnaşyklara, myhmansöýerlige we göwnaçyklyga eýerýän, asyrlara uzap gidýän däpleri bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň geljegini we mümkinçiliklerini açyp görkezmäge täsiri uludyr. Ajaýyp sport desgalarynda türgenleriň duşuşyklary mi

Ökdeler ýeňiji boldy

Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň sport zalynda küşt ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Ýaryşda akyl-paýhas oýnuna höwesli ýaşlar ukyp-başarnygyny görkezdiler. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda gyzykly geçen bu ýaryş ýaş küştçüleriň arasyndan ökdeleri ýüze çykardy.

Guwandyryjy üstünlikler

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi Watanymyzyň şan-şöhratyny, türkmen Diýarynyň gözelliklerini, milli özboluşlylygymyzy dünýä ýaýmaga, doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam etdi. Bu çempionata ýurdumyzdan dünýä we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenler gatnaşdylar.