Ýurdumyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi

28 Noýabr 2023
344

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Türgenlerimiz iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 23—28-nji noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýä derejesinde artýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy.

«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar