Ata-eneler çempion perzentleriniň ýanynda

29 Noýabr 2023
382

Iki günläp dünýä çempionatynyň göni ýaýlymda goýberilişini yzarlan bolsaňyz, siziň hem nazaryňyza ilendir. Çempionata, has takygy, ogullaryna, gyzlaryna, doganlaryna, dostlaryna janköýerlik etmek üçin milli ýygyndymyzyň türgenleriniň ýakynlary paýtagta köpçülikleýin gelip, ýaryşlaryň myhmanlary boldular.

Muňa çempionatyň birinji gününde dünýäniň wise-çempiony Sanjar Abdyrahmanowyň, dünýä çempiony Dinara Rozykulowanyň ýakynlaryna gözüm düşende üns berdim. Düýn bolsa çempionlaryň we beýleki medalçylarymyzyň ýakynlary bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Şeýlelikde, türgenlerimiziň ählisi ilkinji gezek dünýä çempionatynda ata-eneleriniň, doganlarynyň öňünde çykyş etdiler.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar