Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Daglar — zeminiň görki

Tebigata bolan söýgi, ajaýyp täsinliklere bolan duýgy, seniň kalbyňy nämälim duýgulara gaplaýar. Uly Balkan dagy çeşmelerden, türkmen arçalygynyň, ýakymly ysly zirk agajynyň, itburunyň, injiriň tokaýlyk jülgelerinden ybaratdyr. Olar adatdan daşary owadanlygy döredip, gözýetime ýaýylyp gidýär. Dagyň belentligi deňiz derejesinden 1800 metrden gowrakdyr. Bu ýerde toýnakly haýwanlar, şeýle hem tilkiler, towşanlar we oklukirpiler duş gelýär. Kertden, beýiklikleriň tapawudyny nazara alyp, Günüň ýaşmagy sebäpli emele gelýän şapagy we asmandaky agşam ýyldyzlarynyň ýaýrawyny synlap, dag otlarynyň ýakymly yslaryndan doly arassa howadan dem almak jana şypa berýär. Aýratynlykda duran Kiçi Balkan dagynyň beýikligi ep-esli pes bolup, 780 metrdir. Ol özüniň gaýtalanmajak baý gözelligi bilen owadandyr. Adatdan daşary relýef tebigaty söýýänleri özüne çekýär. Bu ýerde görmäge zat kän. Özüniň baý taryhy, owadanlygy we gadymy yrymlary bilen özüne çekýän bu sebit bilen tanyşmak örän gyzykly.

Bathyzyň geçmişi we şu güni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ata Watanymyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ylmy esasda öwrenmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň örän täsin we haýran galdyrýan tebigy landşaftlary bar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Günortasynda — Tejen bilen Murgap derýasynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazyk şahalarynyň biri bolan Parapamiz daglarynyň eteginde ýerleşýän, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakda uly işler alyp barýan “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasydyr. Bathyzyň taryhy gadym eýýamlara uzalyp gidýär. Bu ýerde gadym döwürlerde-de ýaşaýyş bolupdyr. Bu ýerde mundan ýedi müň ýyl öň ýaşap geçen Gyzyljar gowak obalarynyň adamlary, daş eýýamy taýpalarynyň gadymy mesgenleri (ol Bathyzyň köp böleginde duş gelýär), köne galalardyr Adamölen, Nerdewanly, Pulhatyn şäherleri şu aýdylanlaryň şaýadydyr. Gyzyljar gowaklarynda uzyn-uzyn ötükler, ýokarsy çürelip gidýän dörtburç hem gönümel otaglar häzire çenli saklanyp galypdyr. Gadymy gowaklaryň aşaky gatlaklarynda gum basan girelgeler we kert gaýadaky basgançaklaryň yzlary bar.

Tebigat täsinlikleri

«Sütündäki» üzümler Tebigatdaky käbir täsinlikler häzire çenli adamlary haýran galdyryp gelýär. Tebigat gözelliginiň köpdürlüliginde paýy bolan täsin ösümlikleriň biri hem Braziliýanyň, Argentinanyň we Paragwaýyň gür tokaýlyklarynda ösýän jabotikabadyr. Jabotikaba – «jabuti» – pyşbaga we «kaba» – ýer diýen sözlerden düzülip, «pyşbaganyň bolýan ýeri» diýmegi aňladýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň        basyşy 747 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY  Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Ýagty geljegimiziň binýady

Perzent terbiýesi bilen bagly internet maglumatlaryny okap otyrkam, dünýä halklarynyň çagalara bilim we terbiýe bermek ugrunda nähili usullary ulanýandyklary, bu meselä nähili çemeleşýändikleri baradaky ylmy makalanyň üstünden bardym. Onda çaganyň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin oňa bilim bermek bilen bir hatarda, ýene-de birnäçe talaplaryň bardygy hakynda aýdylypdyr. Olaryň içinde çagada tebigata söýgini döretmegiň bu babatda örän möhüm ähmiýeti bellenipdir. Bilşimiz ýaly, tebigat hemmämiziň umumy öýümiz. Tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak, özüňi söýmekden we özüňe hormat goýmakdan nyşandyr. Çaga terbiýesinde tebigata söýgi döretmek diňe bir tebigatyň goraglylygyny üpjün etmek bolman, eýsem, ol çagada rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň hem kemala gelmegine itergi berýär. Ol çaganyň aňynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hem möhüm bolup durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Her paslyň öz gözelligi bar

Her bir gülüň ysynyň deň bolmaýşy ýaly, pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar. Güýz pasly hem özboluşlylygy bilen tebigatymyzy bezeýär. Häzirki wagtda güýz paslynyň dowam edýändigini göz öňünde tutup, bu pasyl bilen bagly täsin maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.  — Günorta ýarym şarynda güýz mart, aprel we maý aýlarydyr.

Daşky gurşawa mynasyp goşant

Tokioda 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sport janköýerleri uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Bu oýunlaryň birnäçe aýratynlyklary bolup, şolaryň biri hem Tokio Olimpiadasynyň ekologiýa babatda nusgalyk oýunlaryň biri bolandygydyr. Ozalky Olimpiadalarda hem medallar taýýarlanylan mahaly ekologiýa babatda netijeli işlemäge çalşylypdyr. Meselem, 2010-njy ýylda Wankuwerde we 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiadalarda gaýtadan işlenen galyndylardan medal döretmek barada aýgytly ädimler ädilipdi. Kanadada geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda medallar taýýarlanylanda köne mikroshemalary we elektrik enjamlaryny gaýtadan işlemekden alnan metallardan peýdalanylypdyr. Braziliýadaky Olimpiadanyň kümüş we bürünç medallarynyň 30 göterimi gaýtadan işlenen elektrik enjamlary arkaly ýasalypdyr.

Gadymy kökleriň beýany

Türkmen halkynyň taryhy we milli kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Ençe asyrlyk taryhy döwürde döräp, kämilleşip gelen däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi öwrenmek hormatly Prezidentimiziň tagallasy we şahsy göreldesi bilen, ýaşaýyş durmuşymyzda mynasyp ornuny tapdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz özüniň taryhy beýikligine daýanyp, ýüregi bilen ýürekdeş dünýäniň ykraryny gazanan, deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklaryna gowuşdy. Şol gymmatlyklaryň iň esasy ugry hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize esaslanýan giň möçberli ösüş-özgerişleri öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz alyp barýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak üçin ygtybarly binýat döretmek ugrundaky tagallalary ähli babatda ileri tutýar. Şu jähtden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny hem ylmy esasda, dünýä ülňüleriniň derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirýär. Bular hakda söz açylanda, hormatly Prezidentimiziň degişli ulgam bilen baglanyşykly ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy ilkinji nobatda bellen

Tebigat — adamzadyň baýlygy

Ynsanperwer ýörelgeleri, umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmakda uly meşhurlyga eýe bolan eziz Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikler açylýar. Islendik ekologik taslamany netijeli durmuşa geçirmegiň möhüm ugry halkyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ekologiýa medeniýetiniň derejesi bilen şertlendirilýär. Şoňa baglylykda her bir raýatda, ylaýta-da geljegimiz bolan ýaş nesilde tebigata söýgini ösdürmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ilatyň ähli gatlagy üçin giň gerimdäki ekologik, aň-bilim işini sazlaşykly üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi diňe bir tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerini däl-de, eýsem, raýat jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ekologik hereketiniň giň gerim bilen ösmegini nazarda tutýar. Häzirki ylmyň we tehnologiýanyň şeýle tizlik bilen ösýän döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tara

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ho­wa mag­lu­ma­ty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 18-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Pisse tokaýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen tebigy ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň tebigy ýadygärlikleriniň biri-de pisse tokaýlygydyr. Pisse örän gadymy, gymmatly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda bu ösümligiň Ýer ýüzünde, takmynan, 20 görnüşiniň bardygy bellidir. Türkmenistanda bu täsin daragtyň diňe 2 görnüşi ösýär. Tebigatyň baýlygy hasap edilýän bu agajyň Bathyzda täsin tokaýlyklary bar. Şonuň üçin alymlar bu hakda edebiýatlarda ýazanlarynda ony «Bathyz sawannasy» diýip hem atlandyrýarlar. Pisse tokaýlyklary güýz paslynda has owadandyr. Güýzde onuň mämişi-gyzgylt öwsüp duran ýapraklary we miweleri agaja diýseň görk berýär. Tebigy pisse agaçlary Türkmenistanyň daglyk sebitlerinde, goraghanalaryň zolaklarynda köp ösýär. Pisse tokaýlygy Köýtendagda, Günbatar we Gündogar Köpetdagda gabat gelýär. Pisse şol ýerleriň dag eteklerinde we daglarda hem-de daşlaşan gaýalarda bitýär. Bathyzda bolsa bu ösümlik beýik bolmadyk baýyrlarda ösüp, giden bir tokaýlygy emele getirýär.

Muny bilmek gyzykly

ÝAGYŞ DAMJASYNYŇ ŞEKILI Gyş we ýaz pasyllarynda ýagyş köp ýagýar. Eýsem, ýagyş näme üçin damja görnüşinde ýagýar, onuň şekili nähilikä?! Ýagyş damjalary ýokarsy süýri, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýar. Bu hakykatdan hem şeýlemikä? Ýagyş damjasy bulutdan göni çykyp gaýdýarmyka? Geliň, bu sowallaryň gysgaça jogabyny öwreneliň!

Çar ýandan gyzykly habarlar

«7/24.tm», №46 (77), 15.11.2021. GÜLLER SEÝILGÄHI

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Güýzde gözellik bar, güýzde ýakym bar

Sahy tebigat adamzada ähli gözelligi bagyş edipdir. Bu gözellikleri tylla güýzde synlamak has-da ýakymly. Jana ýakymly seleň howa, asmanyň bezegi ak bulutlar, hatar gurap uçup barýan durnalar, gök ýüzünde gaýyp ýören läheň-läheň bürgütler, şahlary burum-burum, güýjüne bäs gelip bilmeýän dag goçlary, owadan keýikler tebigatyň bize eçilen peşgeşi. Saralyp gaçan ýapraklar bolsa, göýä diýersiň, ene Ýeriň üstüne ýapylan sary öýme mysaly oňa aýratyn gelşik berýär. Sary ýapraklaryň gaýyp gaçyşy,Şeýle bir pikiri oýardy mende.Öz ýapynjasyny Ýere bagyşlanBag, ene mährini gördüm men sende!