Bathyzyň geçmişi we şu güni

22 Noýabr 2021
1412

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ata Watanymyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ylmy esasda öwrenmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň örän täsin we haýran galdyrýan tebigy landşaftlary bar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Günortasynda — Tejen bilen Murgap derýasynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazyk şahalarynyň biri bolan Parapamiz daglarynyň eteginde ýerleşýän, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakda uly işler alyp barýan “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasydyr.

Bathyzyň taryhy gadym eýýamlara uzalyp gidýär. Bu ýerde gadym döwürlerde-de ýaşaýyş bolupdyr. Bu ýerde mundan ýedi müň ýyl öň ýaşap geçen Gyzyljar gowak obalarynyň adamlary, daş eýýamy taýpalarynyň gadymy mesgenleri (ol Bathyzyň köp böleginde duş gelýär), köne galalardyr Adamölen, Nerdewanly, Pulhatyn şäherleri şu aýdylanlaryň şaýadydyr. Gyzyljar gowaklarynda uzyn-uzyn ötükler, ýokarsy çürelip gidýän dörtburç hem gönümel otaglar häzire çenli saklanyp galypdyr. Gadymy gowaklaryň aşaky gatlaklarynda gum basan girelgeler we kert gaýadaky basgançaklaryň yzlary bar.