Tebigat — adamzadyň baýlygy

18 Noýabr 2021
1516

Ynsanperwer ýörelgeleri, umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmakda uly meşhurlyga eýe bolan eziz Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikler açylýar. Islendik ekologik taslamany netijeli durmuşa geçirmegiň möhüm ugry halkyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ekologiýa medeniýetiniň derejesi bilen şertlendirilýär. Şoňa baglylykda her bir raýatda, ylaýta-da geljegimiz bolan ýaş nesilde tebigata söýgini ösdürmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ilatyň ähli gatlagy üçin giň gerimdäki ekologik, aň-bilim işini sazlaşykly üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi diňe bir tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerini däl-de, eýsem, raýat jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ekologik hereketiniň giň gerim bilen ösmegini nazarda tutýar.

Häzirki ylmyň we tehnologiýanyň şeýle tizlik bilen ösýän döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýär we uly goldawa eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýar.

Polat ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.