Gadymy kökleriň beýany

18 Noýabr 2021
1385

Türkmen halkynyň taryhy we milli kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Ençe asyrlyk taryhy döwürde döräp, kämilleşip gelen däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi öwrenmek hormatly Prezidentimiziň tagallasy we şahsy göreldesi bilen, ýaşaýyş durmuşymyzda mynasyp ornuny tapdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz özüniň taryhy beýikligine daýanyp, ýüregi bilen ýürekdeş dünýäniň ykraryny gazanan, deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklaryna gowuşdy. Şol gymmatlyklaryň iň esasy ugry hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize esaslanýan giň möçberli ösüş-özgerişleri öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyz alyp barýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak üçin ygtybarly binýat döretmek ugrundaky tagallalary ähli babatda ileri tutýar. Şu jähtden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny hem ylmy esasda, dünýä ülňüleriniň derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirýär. Bular hakda söz açylanda, hormatly Prezidentimiziň degişli ulgam bilen baglanyşykly ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy ilkinji nobatda bellenilmäge mynasypdyr. Şol düýpli ylmy işleriň arasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi aýratyn möhüm orny eýeleýär. Onuň XIII jildiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran möhüm waka boldy.

Leýla SEÝITMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.