Güýzde gözellik bar, güýzde ýakym bar

14 Noýabr 2021
1398

Sahy tebigat adamzada ähli gözelligi bagyş edipdir. Bu gözellikleri tylla güýzde synlamak has-da ýakymly. Jana ýakymly seleň howa, asmanyň bezegi ak bulutlar, hatar gurap uçup barýan durnalar, gök ýüzünde gaýyp ýören läheň-läheň bürgütler, şahlary burum-burum, güýjüne bäs gelip bilmeýän dag goçlary, owadan keýikler tebigatyň bize eçilen peşgeşi. Saralyp gaçan ýapraklar bolsa, göýä diýersiň, ene Ýeriň üstüne ýapylan sary öýme mysaly oňa aýratyn gelşik berýär.

Sary ýapraklaryň gaýyp gaçyşy,
Şeýle bir pikiri oýardy mende.
Öz ýapynjasyny Ýere bagyşlan
Bag, ene mährini gördüm men sende!

Şirinjemal ATDAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.