Daşky gurşawa mynasyp goşant

19 Noýabr 2021
1233

Tokioda 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sport janköýerleri uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Bu oýunlaryň birnäçe aýratynlyklary bolup, şolaryň biri hem Tokio Olimpiadasynyň ekologiýa babatda nusgalyk oýunlaryň biri bolandygydyr.

Ozalky Olimpiadalarda hem medallar taýýarlanylan mahaly ekologiýa babatda netijeli işlemäge çalşylypdyr. Meselem, 2010-njy ýylda Wankuwerde we 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiadalarda gaýtadan işlenen galyndylardan medal döretmek barada aýgytly ädimler ädilipdi. Kanadada geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda medallar taýýarlanylanda köne mikroshemalary we elektrik enjamlaryny gaýtadan işlemekden alnan metallardan peýdalanylypdyr. Braziliýadaky Olimpiadanyň kümüş we bürünç medallarynyň 30 göterimi gaýtadan işlenen elektrik enjamlary arkaly ýasalypdyr.

Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy.