Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 29-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Guşlar barada gyzykly maglumatlar

Çarlak guşy duzly suwy hem içip bilýär, sebäbi olaryň bogaz mäzleri suwuň duzuny süzmäge ukyply. * * *

Asman astynyň daşy

Zergärçilikde dürli daşlaryň, esasan, zenan bezegleri üçin ulanylýandygy hemmä mälim hakykatdyr. Ýöne şeýle ýagdaýyň bardygyna garamazdan, islendik zada ýaramly edip ýasap bolýan daşlaryň biri nefrit daşydyr. Çyn-Maçyn ülkesinde onuň meşhurlygy diňe bir geçmişde däl, eýsem, geljek üçin hem synagdan geçipdir. Ol bahasyny hiç ýitirmän, wagt gözünde baky galjakdygyny bireýýäm subut edipdir. Muňa degişli bu ilde şeýle bir aýtgy bar. «Eger altyn gymmat bolsa, onda nefridiň belli bir bahasy ýokdur» diýilýär. Hytaýdan gaýdan her bir syýahatçynyň hökman nefrit daşyndan edilen dürli görnüşli ýadygärlik sowgatly gaýdýandyklaryny aýdýarlar. Sebäbi bu ülkäniň aýak basan künjegiňde nefritden edilen şekilleri görmek bolýar. Hatda ondan edinmek her bir hytaýly üçin uly borç hasaplanylýar. Onuň aýratynlygyny bäş tapawutlylyk bilen nygtaýarlar. Ýagny onuň täsin öwüşgini bilen halallyk, danalyk, päklik we berklik ýaly alamatlary özünde götermegidir. Esasan, nefridiň hytaýyň dört welaýatynda duş gelýändigini aýdýarlar. Olaryň gyzyl we sary reňklilerine garanyňda, ak reňklä isleg ýokary bolýar. Ýöne seýrek duş gelinýän ýaşyl nefrit üýtgeşik ýalpyldysy bilen beýlekilerden tapawutlanýar.

Seniň daşyň

Bars ýylynda doglanlara şowlulyk getirýän, olaryň durmuşynyň has ýakymly we üstünlikli bolmagyna kömek edýän birnäçe mineral daşlar bar. Olar: topaz, göwher, ametist we lagyl daşlarydyr. Topaz — ähli meseleleriň çözülmegine ýardam edip, eýesine rahatlyk getirýän daşlaryň biridir. Islendik reňkdäki topaz daşy eýesiniň aňyny ýakymsyz duýgulardan we pikirlerden saplap, dogry ýola ugrukdyrýar. Mundan başga-da, topaz daşyndan ýasalan şaý-sepleri uzak wagtlap dakynanyňyzda, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby güýçlenýär.

Seniň hemaýatkäriň

Doglan günüň senesi, ýyldyzyň belgisi bilen, sen özüňe hemaýat berýän planetany hem-de onuň täsirini bilip bilersiň. Bu belgiler bilen alanyňda, esetlere Gün hemaýat berýär we olar, adatça, maksada okgunly, häkimlik ediji bolýarlar. Seretanlara Aý hemaýat berýär hem-de olar durnukly häsiýete eýe bolup, maşgala durmuşynda orun-ojak alýarlar. Akraplaryň hem-de hamallaryň hemaýatkäri Marsdyr, olar güýçli hem gazaplydyrlar. Jöwzalar hem-de sünbüleler Merkuriý ýyldyzynyň hemaýatkärliginde bolýarlar. Ol adamlar akylly, duýgulary güýçli bolup, köpçüligi, syýahat etmegi gowy görýän häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Sowurlar we mizanlar Wenera ýyldyzynyň hemaýatkärliginde gezýärler. Olar gözellige, söýgä, sungatyň dürli görnüşlerine baş egýän adamlardyr. Şonuň üçin olar gözellikleriň gadyr-gymmatyny gowy bilýärler. Ýupiteriň hemaýatkärligindäki kowuslar durmuşa guwanmagy başarýarlar, akylly-başly hereketleri olara baýlyk, rysgal-döwlet getirýär. Jedileriň hemaýatkäri Saturn, ol seresaplylygyň, tertipliligiň, edepliligiň nyşanyny berýär. Daluwlar Uranyň hemaýatkärliginde bolmak bilen, özboluşly häsiýete eýedirler, olar oýlap tapyjylyga, täze açyşlara ymtylýarlar. Hutlara Neptun hemaýatkärlik edýär. Olaryň duýgulary ýiti bolup, ähli babatda öňe saýlanmag

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Ýanwar

1.HAMAL (GUZY 21.03—20.04) Täze ýyl hamallar üçin şowly bolmagyna garaşylýar. Ýanwar aýynyň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar bu döwürde özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Olar işe bolan höwesini gaçyrmaly däldirler. Aýyň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Şol duşuşykda täze ýyl boýunça siziň işiňizi kesgitläp biler. Ýanwar aýynda olar dynç almaga wagt tapar we tutuş ýyl boýunça zähmet çekmäge taýýarlyk görerler, dürli meýilnamalary düzerler. Ýanwar aýy at-abraýyňyzy galdyrmakda, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmakda has oňaýlydyr. Sarp edýän serişdeleriňizi tygşytlamak, olary peýdaly zatlara sarp etmek maslahat berilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Tokaýçylygy ösdürmegiň ähmiýeti

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetiň tebigy gurşaw bilen sazlaşygyna, ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawyň döredilmegine gönükdirilendir. Ýurtda tebigat baýlyklaryny abat saklamak we netijeli ulanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umumylykda bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermegi bilen, tutuş ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işleriň başlanmagyna itergi berildi. Tebigatymyzyň baýlaşmagy we serişdeleriň her biriniň saklanyp galmagy üçin möhüm çäreler amala aşyrylýar. Tokaýlar hem baglar ösümlikleriň köpsanly toparyny emele getirýän ösümlik örtüginiň esasy bölekleriniň biridir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý Maksatnamasy ýurduň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda möhüm ädim bolup, ol tokaý giňişlikleriniň goragyna, agaçlary we gyrymsy agaçlary çapmagyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurt boýunça bag nahallary ekilýär. Dag, kenarýaka we çöl tokaýlyklary döredilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 27-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Bosagada — Bars ýyly

Türkmen halky irki döwürlerden bäri ýyl çalşygyny ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylapdyr. Ata-babalarymyz ýyl çalşanda tebigaty synlap, şol boýunça tutuş ýylyň nähili geljekdigini anyklapdyrlar. Ençeme synaglardan geçen bu çözgütleriň özeninde tebigy ylymlar bolup, halk arasynda ol «yrym» diýlip atlandyrylýar. Mysal üçin, ilki bilen, ýyl hepdäniň näçinji güni çalyşsa, şol güne haýsy ýyldyz (planeta) täsirini ýetirýän bolsa, şol esasynda ýylyň nähili geljekdigini kesgitläpdirler. Bu barada Hoja Abdylkerim Termezi: «Eger ýyl hepdäniň anna gününde çalyşsa, ol gün asmanyň ekabyry Zöhre ýyldyzydyr. Ýyl naz-nygmatyň bol ýyly bolar. Ýagyş-ýagmyr ýagar. Ýyl täjirler, söwdagärler üçin girdejili geler. Gallanyň bol hasyly ýygnalar, ekerançylyk ähli ugurlardan öser, adamlar umytly ýaşar. Bu ýylda dünýä inen çaga paýhasy bilen il hormatyna eýe bolar. Gyzlar hoşgylaw, hoş owazly bolar. Elbetde, bu zatlary Taňrydan ýagşy bilýän ýokdur» diýip belleýär. 2022-nji ýyl müçenama tertibi boýunça bars ýyly hasaplanýar. Gündogarda ýyllar tebigaty, häsiýeti, reňki boýunça bäş topara bölünýär. Olar toprak, suw, o:t, metal, agaç bolup, Zemine we ynsana öz täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, 2022-nji ýylda suw barsy g

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +2... +4° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Abadan ýaşaýşyň çeşmesi

Garaşsyz, baky bitarap ýurdumyzda günsaýyn gözelleşýän gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini aýawly saklamaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Tebigat — bu umumadamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki üpjünçiligine baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Sagdyn durmuşyň güwäsi

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda eziz Diýarymyzda gözel tebigatymyzy gorap saklamak bilen bagly uly işler amala aşyrylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarda berkidilen daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine esaslanýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda» ýaly birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasy başlangyçlary ýurdumyzy çalt depginler bilen durnukly ösüşe tarap alyp barýar. Amatly daşky gurşawy, ýagny halk hojalyk obýektleriniň ekologik howpsuzlygyny, ilatyň saglygynyň goragyny, hapalanmanyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegini, rejeli peýdalanmagyny üpjün edýän, milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 13 — 15 metr, wagtal-wagtal 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Türkmenistanyň suw akabalarynyň ugurlaryny öwrenmek gadym wagtlardan başlanypdyr. Amyderýa, Tejen, Etrek derýalaryna degişli ilkinji ýazgylara grek, arap we Merkezi Aziýa alymlarynyň, syýahatçylarynyň eserlerinden duş gelmek bolýar. Arap geograflary Ibn-Hordad Bekiň, Ibn-Ruştäniň, Masudynyň, Istahriniň, Ibn-Haukalyň, Merkezi Aziýa geograflaryndan Muhammet Horezminiň, Mahmyt Kaşgarlynyň eserlerinde Türkmenistanyň çäklerindäki derýalaryň, kölleriň öňki ýagdaýy baradaky maglumatlar bilen bir hatarda, Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň üsti bilen Hazar deňzine guýandygyny tassyklaýan ýazgylara-da duş gelmek bolýar.

Bagy-bossan ak şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen eziz Watanymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bir-birine sazlaşykly, urp-adatlarymyz, milli gymmatlyklarymyz, dünýäde gazanylýan tejribeler bilen utgaşdyrylyp döwrebap derejede ösdürilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň ajaýyp üstünliklere beslenip bellenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ata Watanymyzyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kabul edilen şähergurluşyk maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş-medeni maksatly binalar bilen bir hatarda, seýilgähleriň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabady sebitde we dünýäde binagärlik taýdan owadan, bagy-bossanlyga bürenen, arassa şähere öwürmekde, ilatyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde we goramakda, berkitmekde umumadamzat ähmiýetli mynasyp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň uly üstünliklere beslenýän ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň öňünde eden umu