Seniň hemaýatkäriň

28 Dekabr 2021
2144

Doglan günüň senesi, ýyldyzyň belgisi bilen, sen özüňe hemaýat berýän planetany hem-de onuň täsirini bilip bilersiň. Bu belgiler bilen alanyňda, esetlere Gün hemaýat berýär we olar, adatça, maksada okgunly, häkimlik ediji bolýarlar. Seretanlara Aý hemaýat berýär hem-de olar durnukly häsiýete eýe bolup, maşgala durmuşynda orun-ojak alýarlar. Akraplaryň hem-de hamallaryň hemaýatkäri Marsdyr, olar güýçli hem gazaplydyrlar. Jöwzalar hem-de sünbüleler Merkuriý ýyldyzynyň hemaýatkärliginde bolýarlar. Ol adamlar akylly, duýgulary güýçli bolup, köpçüligi, syýahat etmegi gowy görýän häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar.

Sowurlar we mizanlar Wenera ýyldyzynyň hemaýatkärliginde gezýärler. Olar gözellige, söýgä, sungatyň dürli görnüşlerine baş egýän adamlardyr. Şonuň üçin olar gözellikleriň gadyr-gymmatyny gowy bilýärler. Ýupiteriň hemaýatkärligindäki kowuslar durmuşa guwanmagy başarýarlar, akylly-başly hereketleri olara baýlyk, rysgal-döwlet getirýär. Jedileriň hemaýatkäri Saturn, ol seresaplylygyň, tertipliligiň, edepliligiň nyşanyny berýär. Daluwlar Uranyň hemaýatkärliginde bolmak bilen, özboluşly häsiýete eýedirler, olar oýlap tapyjylyga, täze açyşlara ymtylýarlar. Hutlara Neptun hemaýatkärlik edýär. Olaryň duýgulary ýiti bolup, ähli babatda öňe saýlanmagy başarýarlar.

Taýýarlan Aýymjan BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.