Seniň daşyň

28 Dekabr 2021
2431

Bars ýylynda doglanlara şowlulyk getirýän, olaryň durmuşynyň has ýakymly we üstünlikli bolmagyna kömek edýän birnäçe mineral daşlar bar. Olar: topaz, göwher, ametist we lagyl daşlarydyr.

Topaz — ähli meseleleriň çözülmegine ýardam edip, eýesine rahatlyk getirýän daşlaryň biridir. Islendik reňkdäki topaz daşy eýesiniň aňyny ýakymsyz duýgulardan we pikirlerden saplap, dogry ýola ugrukdyrýar. Mundan başga-da, topaz daşyndan ýasalan şaý-sepleri uzak wagtlap dakynanyňyzda, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby güýçlenýär.

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.