Tokaýçylygy ösdürmegiň ähmiýeti

27 Dekabr 2021
1105

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetiň tebigy gurşaw bilen sazlaşygyna, ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawyň döredilmegine gönükdirilendir. Ýurtda tebigat baýlyklaryny abat saklamak we netijeli ulanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umumylykda bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermegi bilen, tutuş ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işleriň başlanmagyna itergi berildi. Tebigatymyzyň baýlaşmagy we serişdeleriň her biriniň saklanyp galmagy üçin möhüm çäreler amala aşyrylýar.

Tokaýlar hem baglar ösümlikleriň köpsanly toparyny emele getirýän ösümlik örtüginiň esasy bölekleriniň biridir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý Maksatnamasy ýurduň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda möhüm ädim bolup, ol tokaý giňişlikleriniň goragyna, agaçlary we gyrymsy agaçlary çapmagyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurt boýunça bag nahallary ekilýär. Dag, kenarýaka we çöl tokaýlyklary döredilýär.