Bagy-bossan ak şäher

20 Dekabr 2021
1048

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen eziz Watanymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bir-birine sazlaşykly, urp-adatlarymyz, milli gymmatlyklarymyz, dünýäde gazanylýan tejribeler bilen utgaşdyrylyp döwrebap derejede ösdürilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň ajaýyp üstünliklere beslenip bellenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ata Watanymyzyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kabul edilen şähergurluşyk maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş-medeni maksatly binalar bilen bir hatarda, seýilgähleriň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabady sebitde we dünýäde binagärlik taýdan owadan, bagy-bossanlyga bürenen, arassa şähere öwürmekde, ilatyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde we goramakda, berkitmekde umumadamzat ähmiýetli mynasyp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň uly üstünliklere beslenýän ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň öňünde eden umumy okuw sapagynda: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz. Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär» diýip belläp geçmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.