Bosagada — Bars ýyly

25 Dekabr 2021
1424

Türkmen halky irki döwürlerden bäri ýyl çalşygyny ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylapdyr. Ata-babalarymyz ýyl çalşanda tebigaty synlap, şol boýunça tutuş ýylyň nähili geljekdigini anyklapdyrlar. Ençeme synaglardan geçen bu çözgütleriň özeninde tebigy ylymlar bolup, halk arasynda ol «yrym» diýlip atlandyrylýar. Mysal üçin, ilki bilen, ýyl hepdäniň näçinji güni çalyşsa, şol güne haýsy ýyldyz (planeta) täsirini ýetirýän bolsa, şol esasynda ýylyň nähili geljekdigini kesgitläpdirler. Bu barada Hoja Abdylkerim Termezi: «Eger ýyl hepdäniň anna gününde çalyşsa, ol gün asmanyň ekabyry Zöhre ýyldyzydyr. Ýyl naz-nygmatyň bol ýyly bolar. Ýagyş-ýagmyr ýagar. Ýyl täjirler, söwdagärler üçin girdejili geler. Gallanyň bol hasyly ýygnalar, ekerançylyk ähli ugurlardan öser, adamlar umytly ýaşar. Bu ýylda dünýä inen çaga paýhasy bilen il hormatyna eýe bolar. Gyzlar hoşgylaw, hoş owazly bolar. Elbetde, bu zatlary Taňrydan ýagşy bilýän ýokdur» diýip belleýär.

2022-nji ýyl müçenama tertibi boýunça bars ýyly hasaplanýar. Gündogarda ýyllar tebigaty, häsiýeti, reňki boýunça bäş topara bölünýär. Olar toprak, suw, o:t, metal, agaç bolup, Zemine we ynsana öz täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, 2022-nji ýylda suw barsy gelýär. Bu ýylyň ygally bolup, daýhançylykda ýere yhlas eden her bir adamyň bol hasyl aljakdygy nygtalýar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.