Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tebigatyň ýaraşygy

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini tassyklady. Günleri bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp döwrümizde gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň obadyr şäherleri gür baglyga, aýna ýaly ýollary, ýanýodalary reňbe-reň gülzarlyga bürenýär. Bu asylly işler «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Bagy-bossan ak şäher

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň barha nurana görnüşe eýe bolýan keşbi ähli halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Dowam edýän hoştap howaly bahar pasly paýtagtymyza özboluşly gözellik eçilýär. Mälim bolşy ýaly, merjen şäherimiz ak mermere beslenen belent binalar bilen tebigatyň kämil sazlaşmagy esasynda dörän gaýtalanmajak sungat eseridir. Aşgabat şäheriniň çäginde gür bagly seýilgähleriň onlarçasy bar. Aşgabadyň günorta künjeginde tokaý zolaklarynyň döredilendigini we ýylsaýyn giňelýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerini we baş şäherini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde bolsa 20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegini bellemek bolar. Tokaý we ýaşyl zolaklary döretmek gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak onuň arassa ekologiýa gurşawyny döretmek işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezident

Lälezar gülleriň bardyr, Garagum!

Güneşli Diýarymyza togsan dolup, bahar öz hökümini ýöredip başlady. Gülleriň müşki-anbar ysy, guşlaryň şirin owazy, daň säheriň jana hoştap howasy göwnüňi göterip, kalbyňy heýjana salýar. Ymgyr Garagum sähramyz özüniň gaýtalanmajak gözellikleri bilen bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrýar. 2013-nji ýylda Ahal welaýatynyň demirgazygynda 87 müň gektardan gowrak ýerde döredilen «Bereketli Garagum» goraghanasy hem şeýle gözel künjekleriň biridir. Tebigy ekologiýa ulgamda çägelik, toýunsow we şorluk çöller, şeýle hem olaryň garyşyk ýerleri bolup, olar ütelginiň esasy höwürtgeleýän ýerleridir. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bürgütler, çakyryklar, keýikler köp duş gelýär. Goraghananyň çäginde sogdian çigildemi, delil gandym, siňren, çomuç ýaly özboluşly çöl ösümlikleriniň gymmatly görnüşleri bar. «Bereketli Garagum» döwlet goraghanasy özüniň gadymy durkundaky tebigy görki bilen aýratyn tapawutlanýar. Garagumuň giň sähralyklarynda täsin ösümlikleriň dürli görnüşleriniň bardygyna ylmy maglumatlar, bu ugurdaky gözlegler kepil geçýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsi örän köpdürli hem-de özboluşly bolan Garagum sährasy jahankeşdeler, umuman, syýahatçylyk üçin täsinliklerden doludyr.

Tebigat — biziň öýümiz

Bag ekilýär Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen birlikde bilimi ösdürmekde hem örän uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň gowy bilim, terbiýe almagy üçin çagalar baglary, mekdepleri, yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.

Baglar — tebigatyň görki

Tebigat — biziň umumy öýümiz. Ähli janly-jemendäniň ýaşaýşy, durmuşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly. Biz şu tebigatyň goýnunda dem alýarys, teşneligimizi gandyrýarys, dürli naz-nygmatlary ýetişdirýäris. Ýer göwsünden nebitdir gazy we beýleki peýdaly magdanlary gazyp alýarys. Bir söz bilen beýan etsek, tebigat biziň ýaşaýyş-durmuşymyzy ähli zerurlyklar bilen üpjün edýär. Gözelliklere baý Garagum sährasynyň giňişliklerini, ösümlik hem haýwanat dünýäsini, başy belent, garly daglaryň jülgelerinden şildiräp akýan çeşme-çaýlary synlamak, guşlaryň saýraýyşlaryny diňlemek, ýaşyl begrese beslenen baýyrlyklarda gezim etmek... kalbyňa egsilmejek ylham berýär, ýüregiňi joşdurýar. Kalby ata Watanymyza söýgi-buýsançdan doly hormatly Prezidentimiz tebigatyň ajaýyp gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda uly wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty tebigat gözelliklerini gorap saklamaga, arassa, sagdyn hem amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilýär. Berkarar döwletimizde her ýyl saýaly, pürli we dürli miweli baglaryň müňlerçe düýbi oturdylýar. Obadyr şäherlerimizde oturdylýan baglaryň hatary ýylba-ýyldan artyp, döwrebap binalar bilen özboluşly sazlaşý

Saýrak guşlaryň owazy

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, guşlaryň saýramasy has-da artýar. Olaryň sesleriniň köpdürlüligine garamazdan, guşlaryň her bir görnüşi saýraýyş äheňi, owazynyň özboluşlylygy bilen biri-birlerinden tapawutlanýar. Şirin owazy bilen ünsüňi özüne çekýän guşlara saýrak guşlar diýilýär. Şeýle guşlara ýurdumyzda giňden ýaýran bilbil, torgaý, käkilik, bedene ýaly guşlar degişlidir.

Bagtyň şeýda bilbili

Alabaharyň ala daňdany akja güllere beslenen erik agajymyzyň şahasynda bilbil saýrady. Meni edip oturan pikirimden aýňaldyran hem şoldy. Dogrymy aýtsam, beýle ahwalata henize çenli-hä duçar bolmandym. «Alahekge gapyňda jakyrdasa, uzak ýerden myhmana garaş!» diýilýänini ozal eşidipdim. Emma gapyňda bilbil saýrasa, näme bolýandygyny welin, aňyma getirip bilmedim. Belki, gowulygyň nyşanydyr. Elbetde, şeýledir. Bu süýji duýgulara gark bolup, diňşirgenip näçe wagt duranymy bilemok. Bilbil bolsa ýüregiňi, göwnüňi ganatlandyryp barýan mahmal sesi bilen şol saýrady durdy, saýrady durdy. Hawa, «Gyş gider, ýaz geler, bilbilden owaz geler» diýleni. Ýogsa-da, alys ýurtlara gyşlamaga giden guşlar, dogduk mekanlaryna ýene ýaz paslynyň gelendigini neneň-niçik kesgitläp bilýärkäler?

Bulary bilmek gyzykly

Güller özüniň ajaýyp görnüşleri bilen adamlaryň kalbyny heýjana salýar, göwünlere ýakym çaýýar. Tebigatyň bu gözelligi gurluşy hem-de täsin görnüşi bilen mydama adamlary gyzyklandyrypdyr. Olar baradaky gyzykly maglumatlar asyrlar boýy öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilipdir. Dünýäde iň kiçi gül suwoty bolan rýaskalar maşgalasyna degişlidir. Bu güller ýata suwuň ýüzünde gaýyp ýörýärler. Onuň ululygy bary-ýogy 1 millimetrdir. Dünýäde iň uly gül bolsa, Arnoldyň raffleziýasy diýlip atlandyrylýar. Gülüň diametri 91 santimetr bolup, agramy 10 kilogramdan gowrakdyr.

«Saýraý-saýraý suwa geler käkilik...»

Şahyr Geldi Bäşiýewiň: «Arzuw eýläp çyksaň belent daglara, sabry-kararyňy alar käkilik» diýip, waspyny ýetiren käkilik guşy türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýan guşlaryň biridir. «Maral käkiligi» diýlip, atlandyrylan bu guş «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde has köp duş gelýär. Käkilikler beýleki guşlar ýaly, adamlary gören dessine uçup gitmeýärler. Kähalatlarda pisse tokaýlygynda golaýyna birki ädim galanynda uçup gidýänleri hem gabat gelýär. Käkilikleriň köp duş gelýän wagty tomus aýlarynda howanyň yssy döwürleridir. Suwly çeşmeleriň boýuna gelýän käkilikleriň sanlarynyň 140-150-ä golaý ýeten döwrüniň hasaba alnan wagtlary hem boldy. Goraghanada 2020-nji ýylda käkilikleriň 1600-den gowragy, 2021-nji ýylda bolsa, 2000-den gowragy hasaba alyndy.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri ilatyň ekologik bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň we jemgyýetiň ekologik medeniýetini, aňyny we düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň ruhy tejribesini ösdürmekdir. Ekologik bilim ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamalaýyn we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işi netijeli alyp barmak üçin onuň okuw-usulyýet binýadyny berkitmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 30-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 30 — 50%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +22... +27°, kenarýaka etraplarynda +13... +18° maýyl bolar.

Suratlara siňen gözellikler

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 29-njy martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Çigildem

   «7/24.tm», № 13 (96), 28.03.2022. Ähli pasyllarda göreniňde göwnüňi göterýän ajaýyp çigildemler ynsanlaryň kalbynda söýgini artdyrýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren dünýä meşhur çigildemleriň taryhyň gatynda özboluşly orny bar. Çigildemleriň Watany orta Aziýa hasaplansa hem, olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar.

Agaç ek, at gal­dyr!

Türk­men aga ýö­ne ýe­re: «Ba­gym bar — ba­rym bar» diý­män­dir. Bag­dan alyn­ýan ha­syl ba­zar­lar­da-da he­mi­şe ýör­gün­li hem is­leg­li önüm­ler bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şu ba­bat­da ýa­şu­lu­la­ry­myz­dan eşi­dilen de­giş­me äheň­li bir gür­rü­ň gu­la­gy­myz­da ga­lyp­dyr. Gadymy döwürlerde gyş aý­la­ry, Ar­kaç­da ýa­şa­ýan bag­ban gum­da ýa­şa­ýan dos­tu­na kiş­miş ug­ra­dyp­dyr. Mu­ňa göw­ni hoş bo­lan gum­ly dos­ty uly sa­ça­gyň ba­şyn­da ça­ga­la­ry­ny da­şy­na üý­şü­rip, ola­ra kiş­mi­şiň çö­pü­ni aý­ryp iý­me­li­di­gi­ni dü­şün­di­rip otu­ry­şy­na, çöp saý­la­mak­dan iren bo­lar­ly: «Äl-aýt, ar­kaç­ly ga­ryn­daş­la­ryň baş­ga iş­le­ri ýok­mu­kan-aýt? Bu­la­ryň her­si­ne bir çöp dür­tüp go­ýup­dyr­lar» di­ýip hü­ňür­däp­dir. «Kiş­miş iý­seň, çö­pi bar» di­ýen aýt­gy-da, bel­ki, şu­lar ýa­ly bir wa­ka bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­rän­dir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 26-njy martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 45 — 65%.