Bagtyň şeýda bilbili

30 Mart 2022
1438

Alabaharyň ala daňdany akja güllere beslenen erik agajymyzyň şahasynda bilbil saýrady. Meni edip oturan pikirimden aýňaldyran hem şoldy. Dogrymy aýtsam, beýle ahwalata henize çenli-hä duçar bolmandym. «Alahekge gapyňda jakyrdasa, uzak ýerden myhmana garaş!» diýilýänini ozal eşidipdim. Emma gapyňda bilbil saýrasa, näme bolýandygyny welin, aňyma getirip bilmedim. Belki, gowulygyň nyşanydyr. Elbetde, şeýledir. Bu süýji duýgulara gark bolup, diňşirgenip näçe wagt duranymy bilemok. Bilbil bolsa ýüregiňi, göwnüňi ganatlandyryp barýan mahmal sesi bilen şol saýrady durdy, saýrady durdy.

Hawa, «Gyş gider, ýaz geler, bilbilden owaz geler» diýleni. Ýogsa-da, alys ýurtlara gyşlamaga giden guşlar, dogduk mekanlaryna ýene ýaz paslynyň gelendigini neneň-niçik kesgitläp bilýärkäler?

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».