Bagy-bossan ak şäher

30 Mart 2022
1092

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň barha nurana görnüşe eýe bolýan keşbi ähli halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Dowam edýän hoştap howaly bahar pasly paýtagtymyza özboluşly gözellik eçilýär. Mälim bolşy ýaly, merjen şäherimiz ak mermere beslenen belent binalar bilen tebigatyň kämil sazlaşmagy esasynda dörän gaýtalanmajak sungat eseridir. Aşgabat şäheriniň çäginde gür bagly seýilgähleriň onlarçasy bar. Aşgabadyň günorta künjeginde tokaý zolaklarynyň döredilendigini we ýylsaýyn giňelýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerini we baş şäherini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde bolsa 20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegini bellemek bolar. Tokaý we ýaşyl zolaklary döretmek gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak onuň arassa ekologiýa gurşawyny döretmek işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurgözel ÝAZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.