Bulary bilmek gyzykly

29 Mart 2022
1246

Güller özüniň ajaýyp görnüşleri bilen adamlaryň kalbyny heýjana salýar, göwünlere ýakym çaýýar. Tebigatyň bu gözelligi gurluşy hem-de täsin görnüşi bilen mydama adamlary gyzyklandyrypdyr. Olar baradaky gyzykly maglumatlar asyrlar boýy öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilipdir.

Dünýäde iň kiçi gül suwoty bolan rýaskalar maşgalasyna degişlidir. Bu güller ýata suwuň ýüzünde gaýyp ýörýärler. Onuň ululygy bary-ýogy 1 millimetrdir. Dünýäde iň uly gül bolsa, Arnoldyň raffleziýasy diýlip atlandyrylýar. Gülüň diametri 91 santimetr bolup, agramy 10 kilogramdan gowrakdyr.

Taýýarlan Keýik SAMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.