«Saýraý-saýraý suwa geler käkilik...»

29 Mart 2022
1955

Şahyr Geldi Bäşiýewiň: «Arzuw eýläp çyksaň belent daglara, sabry-kararyňy alar käkilik» diýip, waspyny ýetiren käkilik guşy türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýan guşlaryň biridir. «Maral käkiligi» diýlip, atlandyrylan bu guş «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde has köp duş gelýär.

Käkilikler beýleki guşlar ýaly, adamlary gören dessine uçup gitmeýärler. Kähalatlarda pisse tokaýlygynda golaýyna birki ädim galanynda uçup gidýänleri hem gabat gelýär. Käkilikleriň köp duş gelýän wagty tomus aýlarynda howanyň yssy döwürleridir. Suwly çeşmeleriň boýuna gelýän käkilikleriň sanlarynyň 140-150-ä golaý ýeten döwrüniň hasaba alnan wagtlary hem boldy. Goraghanada 2020-nji ýylda käkilikleriň 1600-den gowragy, 2021-nji ýylda bolsa, 2000-den gowragy hasaba alyndy.

Myrat AMANOW,
«Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.