Agaç ek, at gal­dyr!

28 Mart 2022
1078

Türk­men aga ýö­ne ýe­re: «Ba­gym bar — ba­rym bar» diý­män­dir. Bag­dan alyn­ýan ha­syl ba­zar­lar­da-da he­mi­şe ýör­gün­li hem is­leg­li önüm­ler bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şu ba­bat­da ýa­şu­lu­la­ry­myz­dan eşi­dilen de­giş­me äheň­li bir gür­rü­ň gu­la­gy­myz­da ga­lyp­dyr.

Gadymy döwürlerde gyş aý­la­ry, Ar­kaç­da ýa­şa­ýan bag­ban gum­da ýa­şa­ýan dos­tu­na kiş­miş ug­ra­dyp­dyr. Mu­ňa göw­ni hoş bo­lan gum­ly dos­ty uly sa­ça­gyň ba­şyn­da ça­ga­la­ry­ny da­şy­na üý­şü­rip, ola­ra kiş­mi­şiň çö­pü­ni aý­ryp iý­me­li­di­gi­ni dü­şün­di­rip otu­ry­şy­na, çöp saý­la­mak­dan iren bo­lar­ly: «Äl-aýt, ar­kaç­ly ga­ryn­daş­la­ryň baş­ga iş­le­ri ýok­mu­kan-aýt? Bu­la­ryň her­si­ne bir çöp dür­tüp go­ýup­dyr­lar» di­ýip hü­ňür­däp­dir. «Kiş­miş iý­seň, çö­pi bar» di­ýen aýt­gy-da, bel­ki, şu­lar ýa­ly bir wa­ka bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­rän­dir.

Aman­gel­di HOM­MA­KOW,
Baý­ra­ma­ly et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň te­ra­pi­ýa bö­lü­mi­niň mü­di­ri, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy.