Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Baýram şahyr

Şaglap iner bürgütleri Dostum, biziň illermiziň, Merdanadyr ýigitleri.Seýilgähli daglarmyzda,Hoş geçirýäs wagytlary.

Täsinlikler dünýäsinde

Gürleýän guşlar Guşlaryň adam dilinde gürlemekleri köpleri haýran galdyrýan bolsa gerek. Ilkinji «Žako» diýlip atlandyrylýan gürleýän guşlar IX asyryň 70-nji ýyllarynda Germaniýanyň Ştutgart şäherinde bellige alyndy. «Žako» guşlary 100 söz aýtmagy we hatda sözlem düzmegi, gaharlanan wagty eýesine öýkünip, şadyýan wagty aýdym hem aýtmagy başarypdyrlar. Ol guşlaryň sesi edil adamyňka meňzeş bolupdyr. Ylmyň ösmegi netijesinde alymlar adam bilen guşlaryň ses ulgamynyň gurluşyny, işleýşini öwrenýärler we birmeňzeşligine göz ýetirýärler. Guşlaryň bogazy edil süýdemdirijileriňki ýaly iki bölege, ýagny ýokarky we aşaky bölege bölünýär. Esasy çykýan ses hem aşaky bogaz bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda «Žako» guşlaryny öýüň bezegi hökmünde saklaýarlar. Olaryň ulusynyň agramy 9 kilogram, kiçisi bolsa 1,5 kilograma çenli ýetýär. Ýöne şeýle-de bolsa, bu guşlar pikirlenip bilmeýärler. Olaryň pikirlenmek ukybynyň ýokdugy alymlar tarapyndan doly kesgitlendi.

Gaplaňgyryň gözelligi

Ýagmyr bilen ýer gögerer

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Köňül hoşundadyr» atly goşgusynda «Üç essesi däli derýa...» diýip belleýşi ýaly, Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini tutýan suw tebigatda örän giň ýaýrandyr. Tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp baran ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän «Ýagnyň ýagşy gowy» diýen parasatly pähimi uly ähmiýete eýedir. Bereketli toprak bilen bagry badaşan, her bir maşgala ojagynyň mukaddes saçaklarynyň, toý-baýramlarymyzyň, ak bazarlarymyzyň, azyk dükanlarymyzyň bereket bolçulygyny öndürýän tejribeli daýhanlarymyz, öz idedýän mallaryna hemişe «malym — janym» diýip ýüzlenýän tapbiler maldarlarymyz irki ýaz ýagyşlaryny ene topragymyzyň bereket bolçulygynyň çeşmesi diýip hasaplaýarlar.

Çat açmaýan agaç

Sözen agajy örän berk we dykyz bolansoň, hiç haçan çat açmaýar. Belki, «Dagda – arça, çölde – sözen» diýilmegem şonuň üçindir. Sözen agajynyň beýleki sähra agaçlaryna meňzemeýän tarapy-da, onuň güli gök öwüsýär. Güýzüne gülleýär. Miwesi gögerçiniň ganatyny ýadyňa salýan şelpelerden ybarat. Ol iki topara bölünýär – takyrda hem-de gumda bitýän sözenler.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +18°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15... +17°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 15 — 35%.         

Dost, seýran edeli...

(Bathyz gündeliginden) Rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäniň döreýşi ýaz bilen başlanypdyr. Baharda dünýäni asylky bolşunda görýän ýalylygymyz, meger, şonuň üçindir. Göwnüňe bolmasa bu pasylda çasly akýan çeşmedir çaýlaryň sesi, dünýäniň uçup görülýän heziliniň eýeleri bolan guşlaryň owazy has dury, has şirin çykýan ýaly. Ýaşyl maýsaly meýdanlarda at salýan şemalyň-da gyşdaky yzgytsyzlygyndan nam-nyşan ýok. Ol ýetişibildiginden ýazyň ysyny dumly-duşa paýlaýar. Ondan her kim özüne geregini alýar. Gülden-güle gonup ýören kebelekler, arylar bolsa baharyň diňe özleri üçin gül açandygyna ynanýana, ony özgelerden gabanýana ogşaýarlar. Ýogsa olar, heý-de, şeýdip gülleriň daşynda perwaz urarmydylar?

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji aprelinde ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +18°, gündizine +23... +25° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Türkmengala etrabynyň çäginde ýerleşýän Hindiguş GES-i ýurdumyzda ilkinji gurlan elektrik stansiýalaryň biridir. Geçen asyryň başlarynda gurlup, ulanylmaga berlen bu suw elektrik stansiýasynyň kuwwaty onçakly ýokary bolmasa-da, Garaşsyz döwletimizde elektroenergetika pudagynyň şu günki kämil derejä ýetmeginiň başyny başlandygyny ýatlamalydyrys. Bu desganyň gurluş aýratynlygy bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. SURATDA: Hindiguş GES-iniň önümçiliginden pursat.

Sübseli badam

Sübseli badam bägüller maşgalasynyň badamlar urugyna degişli bolup, köpsanly şahalary bolan tikensiz gyrymsy agaçdyr. Onuň Türkmenistanda 6 görnüşi bellidir. Bu ösümligiň boýy 1,5-3 metre ýetýär, sütüniniň diametri 3-4 metre çenli ýaýrap bilýär. Ýapragy inçe, sapakly, süýrümtik çyzykly, gyralary byçgy şekillidir. Gülleri ýapragyndan birneme irräk çykýar. Ol gülgün reňkli, togalak ýa-da pişmeşekilli bolup, şahajyklarynda ýerleşýär. Sübseli badam ülkämizde deňiz derejesinden 600-900 metr belentlikde bitýär. Bu ösümlik Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdag sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Mart-aprel aýlarynda gülleýär, miwesi iýun-iýul aýlarynda bişýär. Ol düýbünden çykan kök ösüntgileri arkaly köpelýär. Bu görnüş çagylly ýerlerde, daşly eňňitlerde ösüp boý almagy halaýar. Beýleki görnüşlerden gurakçylyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Topragy, dag eňňitlerini sil akymlarynyň weýran etmeginden gorap saklamakda onuň ähmiýeti uludyr.

Bular balyklar barada

Balyklaryň ähli görnüşleriniň 40 göterimi süýji suwlarda ýaşaýarlar. *  *  *

Garagumuň genji-hazynasy

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň umumy tutýan meýdanynyň agramly bölegini özünde jemleýän, ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan Garagum sährasy halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy. Garagum sährasynyň selinli-sazakly gollaryna, ýowşan ysy kükäp duran düzlüklerine, kaklary mele suwdan pürepür takyrlaryna seýil–seýrana çykanyňda, munuň şeýledigine hasam içgin göz ýetirýärsiň. Al-elwan güllere beslenip gelýän pasly baharda-da, ir–iýmişlere baý çogly tomusda-da, çigrek howaly tyllaýy güýzde-de, dumly-duşy aklyga besleýän ak garly gyşlarda-da sahawatly sähramyzyň özboluşly tebigy gözellikleri diýseň köpdür.

«Daýym anbar saçar güli türkmeniň»

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14... +16°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 25 — 45%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +14°, gündizine +22... +27°, kenarýaka etraplarynda +12... +17° maýyl bolar.

Ýuwaş ummany barada haýran galdyryjy maglumatlar

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanlaryň düýbünde gury ýerdäki ýaly ýaşaýyş höküm sürýär. Planetamyzyň iň uly ummany bolan Ýuwaş ummany hem özünde ýüzlerçe syry saklaýar. Geliň, bu umman baradaky käbir täsin maglumatlar bilen tanyş bolalyň! Maglumatlara görä, ummanlaryň düýbüniň 95 göterimi entek öwrenilmändir. Alymlar Ýuwaş ummanynyň her ýyl 2,5 santimetrden gowrak kiçelýändigini belleýärler. Planetanyň iň çuň ýeri hem bu ummandaky Mariana çöketligidir. Bu çöketlik ummanyň günbatarynda, Filippinleriň gündogarynda, Mariana adalarynyň 200 kilometr çemesi gündogarynda bolup, çuňlugy 11 kilometre golaýdyr. Ýarym Aý şekilli çöketligiň giňligi bolsa 69 kilometre barabardyr.

Repetegiň gözelliginiň goragynda

Ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Biz bu barada goraghananyň uly ylmy işgäri Nurmyrat Döwletow bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbedimiziň başynda goraghananyň işiniň esasy ugurlary barada aýdaýsaňyz!

Bahar — köňülleriň ylhamy

Tebigatyň ýaşyl donuny geýmegi, bagy-bossanlyga bürelen owadan keşbiniň, al-elwan bolup açylyp duran bägülleriň, baglarda saýraşýan guşlaryň gulaga ýakymly mylaýym owazynyň ynsan ruhuny ajaýyp duýgular bilen gurşap almagy — olaryň ählisi ajaýyp bahar paslynyň gelendiginiň buşlukçylarydyr. Baharyň hoştap howasyna maýyl bolup, gözelligine guwanyp barşyňa parasatly atalarymyzyň baharyň waspyny ýetiren şeýle setirleri kalbyňa dolýar: «Bahar pasly ýürekleriň rahatlygynyň nyşany we jennetiň keşbi siňen pursadydyr».

Jeýhun: goşa kenara ýaýylan gözellik

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji aprelinde ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda       7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +20... +22°maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Dag obasynyň täsinlikleri

(dowamy, öňi žurnalyň geçen sanynda) Dumanly daglaryň kemerlerine aşmak her bir adam üçin aňsat däl. Munuň üçin çeýe, çakgan, ýeňil gopýan, hüşgär dag adamsy bolaýmasaň, darajyk ýodalar, kert gaýalar her kime eýgerdip baranok. Emma bu ukyplaryň jandarlara tebigy berilendigini bilýärsiňizmi? Sygyr, geçi, goýun sürülerine gaýalaryň erňegi bolsun, daglaryň uçudy bolsun, haçan görseň, sonarlygy gözläp, beýiklerde otlaşyp ýörendirler. Onsoňam olar hüşgär bolup, daşdan ýakynlaşyp gelýän ýagyny öňünden aňmaga ukyplydyrlar. Şol bada-da otlamagy bes edip, dessine ýere çökmek bilen bolýarlar. Bu ýagdaý çopanyň abanýan howpy aňyp, bada-bat herekete geçmegine uly kömek edýär.