Ýuwaş ummany barada haýran galdyryjy maglumatlar

4 Aprel 2022
1248

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanlaryň düýbünde gury ýerdäki ýaly ýaşaýyş höküm sürýär. Planetamyzyň iň uly ummany bolan Ýuwaş ummany hem özünde ýüzlerçe syry saklaýar. Geliň, bu umman baradaky käbir täsin maglumatlar bilen tanyş bolalyň!

Maglumatlara görä, ummanlaryň düýbüniň 95 göterimi entek öwrenilmändir. Alymlar Ýuwaş ummanynyň her ýyl 2,5 santimetrden gowrak kiçelýändigini belleýärler. Planetanyň iň çuň ýeri hem bu ummandaky Mariana çöketligidir. Bu çöketlik ummanyň günbatarynda, Filippinleriň gündogarynda, Mariana adalarynyň 200 kilometr çemesi gündogarynda bolup, çuňlugy 11 kilometre golaýdyr. Ýarym Aý şekilli çöketligiň giňligi bolsa 69 kilometre barabardyr.