Täsinlikler dünýäsinde

13 Aprel 2022
1132

Gürleýän guşlar

Guşlaryň adam dilinde gürlemekleri köpleri haýran galdyrýan bolsa gerek. Ilkinji «Žako» diýlip atlandyrylýan gürleýän guşlar IX asyryň 70-nji ýyllarynda Germaniýanyň Ştutgart şäherinde bellige alyndy. «Žako» guşlary 100 söz aýtmagy we hatda sözlem düzmegi, gaharlanan wagty eýesine öýkünip, şadyýan wagty aýdym hem aýtmagy başarypdyrlar. Ol guşlaryň sesi edil adamyňka meňzeş bolupdyr. Ylmyň ösmegi netijesinde alymlar adam bilen guşlaryň ses ulgamynyň gurluşyny, işleýşini öwrenýärler we birmeňzeşligine göz ýetirýärler. Guşlaryň bogazy edil süýdemdirijileriňki ýaly iki bölege, ýagny ýokarky we aşaky bölege bölünýär. Esasy çykýan ses hem aşaky bogaz bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda «Žako» guşlaryny öýüň bezegi hökmünde saklaýarlar. Olaryň ulusynyň agramy 9 kilogram, kiçisi bolsa 1,5 kilograma çenli ýetýär. Ýöne şeýle-de bolsa, bu guşlar pikirlenip bilmeýärler. Olaryň pikirlenmek ukybynyň ýokdugy alymlar tarapyndan doly kesgitlendi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljemal BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.