Ýagmyr bilen ýer gögerer

12 Aprel 2022
950

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Köňül hoşundadyr» atly goşgusynda «Üç essesi däli derýa...» diýip belleýşi ýaly, Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini tutýan suw tebigatda örän giň ýaýrandyr. Tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp baran ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän «Ýagnyň ýagşy gowy» diýen parasatly pähimi uly ähmiýete eýedir.

Bereketli toprak bilen bagry badaşan, her bir maşgala ojagynyň mukaddes saçaklarynyň, toý-baýramlarymyzyň, ak bazarlarymyzyň, azyk dükanlarymyzyň bereket bolçulygyny öndürýän tejribeli daýhanlarymyz, öz idedýän mallaryna hemişe «malym — janym» diýip ýüzlenýän tapbiler maldarlarymyz irki ýaz ýagyşlaryny ene topragymyzyň bereket bolçulygynyň çeşmesi diýip hasaplaýarlar.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.