Dag obasynyň täsinlikleri

31 Mart 2022
1284

(dowamy, öňi žurnalyň geçen sanynda)

Dumanly daglaryň kemerlerine aşmak her bir adam üçin aňsat däl. Munuň üçin çeýe, çakgan, ýeňil gopýan, hüşgär dag adamsy bolaýmasaň, darajyk ýodalar, kert gaýalar her kime eýgerdip baranok. Emma bu ukyplaryň jandarlara tebigy berilendigini bilýärsiňizmi? Sygyr, geçi, goýun sürülerine gaýalaryň erňegi bolsun, daglaryň uçudy bolsun, haçan görseň, sonarlygy gözläp, beýiklerde otlaşyp ýörendirler. Onsoňam olar hüşgär bolup, daşdan ýakynlaşyp gelýän ýagyny öňünden aňmaga ukyplydyrlar. Şol bada-da otlamagy bes edip, dessine ýere çökmek bilen bolýarlar. Bu ýagdaý çopanyň abanýan howpy aňyp, bada-bat herekete geçmegine uly kömek edýär.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».