Bahar — köňülleriň ylhamy

3 Aprel 2022
1188

Tebigatyň ýaşyl donuny geýmegi, bagy-bossanlyga bürelen owadan keşbiniň, al-elwan bolup açylyp duran bägülleriň, baglarda saýraşýan guşlaryň gulaga ýakymly mylaýym owazynyň ynsan ruhuny ajaýyp duýgular bilen gurşap almagy — olaryň ählisi ajaýyp bahar paslynyň gelendiginiň buşlukçylarydyr.

Baharyň hoştap howasyna maýyl bolup, gözelligine guwanyp barşyňa parasatly atalarymyzyň baharyň waspyny ýetiren şeýle setirleri kalbyňa dolýar: «Bahar pasly ýürekleriň rahatlygynyň nyşany we jennetiň keşbi siňen pursadydyr».

Dilnowaz ERGEŞOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni.