Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Tut agajy yrýasyz

Şu ýyl ýurdumyzda 2 müň tonnadan gowrak pile öndürildi. Şonuň 1050 tonnasyny bolsa Lebap welaýatynyň ýüpekçileri öndürdiler. Geljekde ýurdumyzda öndüriljek piläniň möçberi has-da artar. Munuň üçin welaýatlarda ýüpekçiligiň esasy iýmit gory bolan tut agaçlaryny köpçülikleýin ekmäge girişildi. Lebap welaýatynda hem şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilen 150 müň düýp tut nahalynyň 140 müňe golaýy eýýäm ekildi. Olaryň arasynda tuduň «Gaýçy», «Garpyz ýaprak», «Hasak», «Gibrid», «Balhy» ýaly görnüşleri-de bar. Ýeri gelende bellesek, tuduň bu görnüşleriniň eçilýän tudanasy örän ýokumly hasaplanýar. Ýurdumyzda diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, uly adamlar üçin-de ýokumly bolan tudanalaryň birnäçe görnüşi ýetişýär. Dünýä boýunça bolsa diňe bir gara tudananyň 24 görnüşi hasaba alnypdyr. Hytaý, Malaýziýa, Indoneziýa ýaly ýurtlarda tudanadan toşap, mürepbe, şerbet ýaly önümler gaplama usulynda öndürilýär. Hormatly Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda tuduň adamzat saglygy üçin peýdaly taraplary barada ylmy maglumatlary beýan edýär. «Tuduň ýapragy süýji keselinde, köküniň gabygy bolsa yzygiderli kellagyryda peýdalydyr, tudanasy bolsa durşuna melhemdir» diýip, alym Arkadagymyz ýazýar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

«Aý jemaly»

Tebigat — täsinliklerden doly gyzykly kitap. Onuň jümmüşine aralaşsaň, bu barlygyň sungat döretmek ukybyna haýran galmagyňyz tutuş ömrüňize barabar bolar. Hatda Ýer togalagyndaky ösümlikleriň arasynda heniz ylmy taýdan doly öwrenilmedikleri-de bar. Şri-Lankada bitýän täsin ösümlik — kaktuslar maşgalasyna degişli bolan kadupul atly gül barada şeýle wakany gürrüň berýärler. Gurply maşgaladan bolan bir ýigit gülleri öwrenmek bilen meşgullanýan alym gyza aşyk bolýar. Gyz oňa göwün bermese-de, akýürek ýigidiň göwnüne degmäge dözmän: «Açylyp, Gün şöhlesine lowurdap duran kadupul atly güli getirip berseň, sözüňi kabul edeýin. Ýöne ol hökman gül dükanyndan satyn alnan bolsun» diýip şert goýýar.

Azyk bolçulygyna goşant

Ýurdumyzda halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň ösdürilmegi we eksporta bagly bolmagy azaltmagy dowam etmek ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan tejribeli bagbanlarymyz tarapyndan ýerlerde miweli agaçlaryň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Ahmet Jumabaýewiň ekin meýdanyndaky ösdürip ýetişdirýän miweli baglarynyň bol hasyly göreldeli zähmetiniň netijesi hökmünde öňe çykýar. Ahmet aga Bäherden etrabynyň çägindäki 51 gektar ýerinde miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär. Ekin meýdanynyň esasy bölegini alma, armyt, çereşniýa, ülje ýaly miweler tutup, bagban olardan bol hasyl almakda degişli çäreleri geçirip durýar. Ol häzirki wagtda mellek ýerinde bitginli hasyllygy bilen tapawutlanýan täze ýapon armydyny ösdürip ýetişdirdi. Bagban Ahmet aga bäş ýyl m

«Mizanda duýduryp...»

Ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýän türkmenleriň milli ýyldyz senenamasy öwredijilik häsiýeti boýunça-da, takyklygy bilen-de uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz ony 12 bölege bölüp, her bir döwri aýratyn atlandyrypdyrlar. Milli senenamamyz boýunça 23-nji sentýabrdan mizan başlanýar. «Mizan» arap sözi bolup, «terezi» diýmekdir. Bu döwürde gije bilen gündiz bolsa deňleşýär. Şonuň üçin ol şeýle atlandyrylypdyr. Mizan döwründe hemme ekinler, giç bişýän üzümler hem doly bişýär. Hatda şaly hasyly-da mizanyň ahyryna çenli dänesini gatyryp ýetişýär. Şu döwürde meýdandaky ekiniňi ýygnap aljak bolmaly. Görnüşi ýaly, 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýän mizan döwri howanyň duýdansyz üýtgäp bilýän sepgidi hasaplanýar. Güýzlük ekinleriň-de şu döwürde ekilse, oňat boý alyp bilýändigini «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýen söz düzüminde gowy ýatladyp bilipdirler. Pähimli sözüň ekerançylar üçin iňňän uly ähmiýeti bar, ol ençeme ýyllaryň dowamynda synagdan geçen hakykaty daýhana ýatladýar. Mizanyň salkyn howasynda bişip ýetişen kädi, gawun, garpyz ýaly bakja ekin önümleri örän süýji bolýar. Şu döwürde bişip ýetişen bakja ekinlerini gyş üçin saklamak örän amatly. Sebäbi olar uzak wagtlap durkuny

Kianit

Kianit juda täsin mineral hasaplanýar. Ol şaý-seplerde seýrek duş gelýän ekzotik daşdyr. Kianitleriň reňki demir, hrom, titanium we marganes birleşmeleriniň garyndysyna baglylykda üýtgäp biler. Onuň adaty reňki mawy ýa-da gök bolup, ol ýaşyl, sary, benewşe, gara, dury (reňksiz) görnüşlerde hem gabat gelýär. Kianit «pişigiň gözi» diýlen gymmat bahaly daşlara degişlidir. Zergärlikde onuň aýna ýaly dury görnüşi köp ulanylýar. 1575-nji ýylda Moskwada «Söwda kitaby» atly harytlaryň düşündirişli kitaby düzülýär. Şol kitapda hem gymmat bahaly daşlary beýan edýän ýörite bölüm bolupdyr. Onuň 121-nji sahypasynda kianit daşy agzalýar. Bu daş Hindistandan getirilip, ýakut daşy ýaly gowy görlüpdir, islegli bolupdyr. Russiýada şol wagt bu daş baus diýlip atlandyrylypdyr. Daşyň asman-gök reňki bilen baglanyşdyrylyp dakylan kianit ady («kyanos» grek sözi bolup, «gök» diýen manyny berýär) ýörgünli bolup galýar.

Palma

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda ýerli we beýleki yklymlaryň ösümlik görnüşlerini yzygiderli ýygnap, gorap saklap, täzeleri bilen baýlaşdyrmakda zerur işler alnyp barylýar. Barlag işleriniň esasynda ösümlikleriň bezeg berijilik, ýerli howa-toprak şertlerine durnuklylyk babatda tapawutlanan görnüşleri ýüze çykarylyp, olaryň bioekologik häsiýetleri, ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy öwrenilýär. Bezegde tapawutlanýan ösümlikleriň biri-de palmadyr. Palmany toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak işi 1935-nji ýylda ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşen Balkan welaýatynyň Gyzyletrek (häzirki Etrek) tejribe stansiýasynda ýola goýulýar. Bu ýer açyk toprakda, sowukdan goragsyz ýagdaýda palmanyň miwe getirýän ýeke-täk mesgeni hasaplanypdyr. 1962-nji ýylda palmalaryň birnäçe görnüşini Botanika bagynyň şertlerinde ýetişdirmäge girişilýär. 185 urgy özünde jemleýän palmalar günbatar we gündogar ýarym şarynyň tropik hem-de subtropik guşaklygynda jemlenendir.

Köýtendag — köňülleriň telwasy

Köýtendag günbatardan gündogara 100 kilometre çenli uzap gidýän dagdyr. Onuň gerşiniň günbatar tarapynda Gowurdak dagy ýerleşip, bu kiçijik dagyň uzynlygy 14 kilometre barabardyr. Ol dag goýnunda dörän enaýy dag ýaly bolup görünýär. Gowurdak dagynyň ini 12 kilometr bolup, ol Köýtene özboluşly ýaraşyk berýär. Hawa, mähriban Watanymyzyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Köýtendag Gissar gerişleriniň günorta-günbatar taraplaýyn dowamydyr. Geologik gurluş babatda daglar öz aralarynda toparlara bölünýär. Bu dag hem gelip çykyş urugy boýunça paleozoý döwrüne degişlidir. Bu ýerde hek, ýursk, paleogen, neogen döwürleriniň hem gatlaklary giňden ýaýrandyr. Köýteniň çäginiň çylşyrymly geologik gurluşy onuň süňňünde dürli minerallaryň döremegine getiripdir. Kaliý duzy, kükürt, gurşun, daşkömür ýaly gazylyp alynýan peýdaly magdanlar gymmatly hazynadyr. Mundan başga-da, Köýten altynyň, kümşüň, dürli örtgi daşlarynyň hem uly goruny özünde jemleýär.

Tokaýlaryň goraglylygy

Tokaý ösümlikleri tebigatyň döreden ajaýyp gymmatlyklarydyr. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda tokaýlary goramak we olara gözegçilik etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň Görelde meýdançasynda ýokarda bellenilen meseleler boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bu barada meýdançanyň başlygy Aýdogdy Haýdarow bize şeýle gürrüň berýär. — Görelde meýdançasy Darganata etrabynyň çäginde ýerleşip, günorta-günbatarda Garagum sährasy bilen araçäkleşýär. Tokaýyň eýeleýän meýdany 2058 gektara deňdir. Häzirki wagtda meýdançanyň gorag zolagyny ýene 2090 gektar giňeltmek meýilleşdirilýär. Gorag we gözegçilik işlerini guramaçylykly geçirmek üçin meýdançamyz şertli bölekleriň 6-syna bölünendir. Görelde tokaýy türkmen tebigatyna gaýtalanmajak gözellik paýlaýan, onuň bahasyz baýlygy bolan sugunlaryň mekanydyr. Tokaýda ösümlikler gür hem-de garyşyk ýerleşendir. Tokaýyň baý haýwanat we ösümlik dünýäsini ygtybarly gorap saklamak we gözegçilik işlerini geçirmek üçin 5 kilometr uzynlykda ulaglar üçin ýollar, şeýle-de pyýada aýlanar ýaly ýörite ýodajyklar bar. Tokaýy ýangyn howpundan goramak hünärmenlerimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Meýdançamyzyň tokaýlary ösümliklere

Köwata

(Rowaýat) Gadym zamanlarda bir padyman ýaşapdyr. Günleriň birinde çopan öz sürüsinde bir del sygryň bardygyny görüpdir. Çopan onuň kimiňkidigini hakydasyna getirip bilmändir. Ol sygryň eýesini tapyp, hak-heşdegini gepleşmek pikiri bilen onuň yzyna düşüpdir. Sygryň dagyň gowagyna girip gitmegi ony juda geň galdyrypdyr. Çopan gowaga girse, ol ýerde bir goja kişi oturan eken. Çopan onuň bilen öz hyzmat haky barada gürleşýär. Goja kiçijik halta bir zat salyp, ony çopana uzadypdyr-da, tä öýüne barýança açmazlygy sargapdyr. Takatsyzlygy çopany gününe goýmandyr. Öýüne ýetmänkä howlugyp, çopan haltajygy ýolda açyp görüpdir, görse, onda diňe injiriň ýapraklary bar diýýär. Çopan olary zyňyp goýberipdir. Öýüne gelip, aýalyna goja bilen bolan duşuşyk hakda aýdyp, haltajygy oňa görkezipdir. Aýaly ony çaý halta edinmek üçin çöwrüpdir welin, injiriň ýapragyna çalymdaş altyn böleginiň haltajygyň tikinlerine ilişip galandygyny görüpdir. Çopan özüniň uly baýlygy zyňyp goýberenine şu ýerde düşünip galypdyr. Ol gowaga dolanyp gelende, ol ýerden gojany-da, sygry-da tapmandyr. Ýöne girelgäniň golaýynda injir agajynyň ösüp oturanyny görüpdir. Gowak şol pursatdan başlap Köw ata (Köwegiň — gowagyň atasy) diýlip atlandyrylypdyr.

Güýz hakda

Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür.Güýz sürmek — gury suwarmak.Güýzde inçelder, ýazda ýolar.Güýzüň gelşi ýazyndan belli.Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz.Bahardaky hereket, güýzki bereket.Mizandan soň güýz ýok.Mizanda urmasam, hazanda uraryn,Hazanda urmasam — akrapda,ŞAkrapda urmasam, ahyretde hem urmaryn.Üç ýazlyk — bir güýzlük.Üçlese güýzlük, bolmasa ýazlyk.Ýapagaly ýaşyl çemen güýze galmaz.Ýaz aksyz bolma, güýz — göksüz.Ýaz sagymsyza, güýz gawunsyza sala-da salma, onuň bilen goňşam bolma!Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde — taýak bilen.

Goňur kepderi

Goňur kepderi gögerçine çalymdaş, emma ondan kiçi we garamtylrak bolýar. Ol Amyderýanyň jülgelerinde duş gelýär. Derýanyň kertli gum eteklerinde, toraňňy tokaýlyklarynda ýaşaýar. Ýazyna mart — aprel, güýzüne sentýabr — oktýabr aýlary uçup gelýär. Gum gaýalarynyň we agaçlaryň köweklerinde höwürtgeleýär. Ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýär. Goraghanamyzyň ylmy bölümi tarapyndan bu guşy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizmek teklip edildi. Kepderiniň bu görnüşini gorap saklamak üçin ilat arasynda düşündiriş işleri geçirilip, onuň tebigata ýetirýän peýdasy barada giňişleýin pikir alşylýar.

Tebigat we jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge borçlandyrýar. Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini büreýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Inçe ýaprakly igde

Inçe ýaprakly igde boýy 3 — 7 metre ýetýän köpýyllyk agaçdyr. Ol howanyň yssysyna, gurakçylyga we şor topraga çydamly bolup, gabygy gyzylymtyl-goňur reňkli, şahalary ýiti tikenlidir. Inçe ýaprakly igde aprel — maý aýlarynda gülleýär, miwesi sentýabr aýlarynda bişip ýetişýär. Miwesi togalak, bişen döwründe goňur reňkli bolýar. Tohumyndan we çybygyndan köpelýär. Onuň köki, sütüniniň gabygy, ýapragy, güli, miwesi we tohumy dermanlyk çig mal hasaplanylýar. Köki we gabygy ir baharda ýa-da güýzde, ýapraklary we gülleri ösümlik gülleýän döwründe, miweleri we tohumy bişen döwründe ýygnalýar. Miweleri tokaýlarda ýaşaýan sülgünlere, ýabany haýwanlara iýmit bolup hyzmat edýär. Ýapragyndan ýaşyl reňk, kökünden sary reňk alynýar. Onuň gülünden balarylary iýmitlenýär. Bu daragtyň çuň ösen kökleriniň süýşýän çägeleri saklamakda ähmiýeti uludyr. Ol bezeg ösümligi hökmünde hem ösdürilip ýetişdirilýär. Igde 5-6 ýaşynda miwe berip başlaýar. Takmynan, 60 — 80 ýyl ýaşaýar.

Pälwan sazak

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň edara binasynyň golaýynda ýaşy takmynan 104 çemesi bolan äpet sazak agajy ösüp otyr. Goraghananyň ylmy işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu gyrymsy agaç 2018-nji ýylda 100 ýaşady diýlip hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda sazagyň beýikligi 4.5 metrden hem geçýär. Ýogynlygy 2.85 metr töweregidir. Sazagyň ýognan esasy sütünini gurşaýan gasyn-gasyn gatlaklardan onuň ýaşynyň bir asyr töweregi bolandygyny aňmak kyn däl. Agajyň esasy sütünini bezeýän ýaş we garran gapdal şahalary okgunly ösüşe ymtylýandygyny görkezýär. Şeýle-de, ýabany çöl haýwanlaryna gaçybatalga bolup hyzmat edýän oýtum ýerleri-de bar. Äpet sazak goraghananyň hünärmenleri tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanýar. Ýaşy we göwrüminiň uludygy göz öňünde tutulyp, oňa «Pälwan sazak» ady berildi. Ol goraghana gelýän her bir adamda aýratyn täsir galdyrýar.

Tenekar türkmen tebigaty

Hak nazary düşen türkmen tebigatynyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini we ynsan süňňüne tenekar güýjüni duýmak — bagtlylykdan nyşan. Türkmen tebigaty howasy, çeşmedir bulaklary, daglary, sähralyklary, çemenzarlyklary, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Tebigatyň gözelliklerini surata düşürip, onuň ynsana şypa beriji täsir edýän aýratynlyklaryny suratlaryň üsti bilen düşündirmek ýürekden yhlasy we zähmeti talap edýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, tebigatyň owadan görnüşlerinden düşürilen suratlar adama güýç, ruhubelentlik we joşgun berýär. Gazetimiziň şu sanynda tebigatyň diline düşünýän, köp ýyllardan bäri tebigata juda golaý bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saparda bolan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, fotosuratçy Allamyrat Akmyradowyň taýýarlan suratlar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Fotosuratçy öz işleri arkaly tebigatymyzyň täsin we ajaýyp ýerlerine gaýybana syýahata alyp gidýär.

Daragtlary goýry saýaly

Topraga jany-teni bilen hyzmat eden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanyp, goýry saýaly daragtlary ýetişdiripdirler. Pür-pudak ýaýradyp ösen daragtlar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Pederlerimiziň asylly ýörelgeleri bu ugurda häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýän işler üçin nusgalykdyr. ÇYNAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Ýe­ras­ty köl­ler ha­kyn­da

Köpetdag kyssalary

Öçürilen halynda ýapy ýokary ýöreýän ulag (Dowamy. Başlangyjy gazetiň 225, 232-nji sanlarynda).