Ýe­ras­ty köl­ler ha­kyn­da

11 Sentýabr 2022
1327

Ýe­ras­ty köl­le­riň bi­ri Köý­ten­dag ger­şi­niň gü­nor­ta ýap­gy­dy­nyň Ak­jar di­ýen ýe­rin­de ýer­leş­ýär. Ýe­riň üs­ti te­ge­lek şekilde aşak çö­küp­dir. Onuň çuň­lu­gy 25-30 metr tö­we­re­gi. Çö­ket­li­giň gü­nor­ta ta­ra­pyn­da ýe­ne-de aşak gi­rip gi­dil­ýän go­wak bar. Go­wa­gyň ag­zy uly bo­lup, uzyn­ly­gy 20, ini 15 metr tö­we­re­gi, be­ýik­li­gi bol­sa 5-6 metr­den 30 met­re çen­li. Go­wa­ga gi­ril­ýän ýer­de ýo­kar­ky an­gid­rit gat­lak­dan ga­çan daş­lar pyt­ra­şyp ýa­tyr. At­mos­fe­ra ygal­la­ry­nyň köp dü­şen ýyl­la­ry onuň için­dä­ki kö­lüň su­wy go­wa­gyň ag­zy­na çen­li gel­ýär.

Bu köl bi­len me­niň il­kin­ji ta­nyş­ly­gym 1988-nji ýy­lyň iýun aý­la­ryn­da bo­lup geç­di. Gün­le­riň bi­rin­de ýo­kar­da ady ag­za­lan ýe­ras­ty kö­lüň üs­tün­den gel­dim. Onuň pa­ra­metr­le­ri­ni göz ça­ky bi­len­räk kes­git­le­dim. Gi­je­si­ne 60-70 metr uzak­ly­ga ýet­ýän el çy­ra­sy­nyň şöh­le­si onuň ini­ne zor­dan ýet­ýär­di, uzyn­ly­gy­ny bol­sa gör­ke­zip bil­me­ýär­di. Şol wagt kö­lüň su­wy az­rak eke­ni. Men go­wa­gyň için­dä­ki kö­le bar­mak üçin 30-40 metr ýol geç­me­li bol­dum. Kö­lüň çuň­lu­gy we uzyn­ly­gy me­ni ga­ty gy­zyk­lan­dyr­ýar­dy. 60-70 metr­den aňyr­sy gö­rün­me­ýän kö­lüň uzyn­ly­gy nä­çe metr bar­ka?

Jo­ra RAH­MA­NOW,
geog­ra­fi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.