Tebigat we jemgyýet

14 Sentýabr 2022
1253

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge borçlandyrýar.

Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini büreýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Jemal AMANOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.