Azyk bolçulygyna goşant

28 Sentýabr 2022
1340

Ýurdumyzda halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň ösdürilmegi we eksporta bagly bolmagy azaltmagy dowam etmek ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan tejribeli bagbanlarymyz tarapyndan ýerlerde miweli agaçlaryň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Ahmet Jumabaýewiň ekin meýdanyndaky ösdürip ýetişdirýän miweli baglarynyň bol hasyly göreldeli zähmetiniň netijesi hökmünde öňe çykýar.

Ahmet aga Bäherden etrabynyň çägindäki 51 gektar ýerinde miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär. Ekin meýdanynyň esasy bölegini alma, armyt, çereşniýa, ülje ýaly miweler tutup, bagban olardan bol hasyl almakda degişli çäreleri geçirip durýar. Ol häzirki wagtda mellek ýerinde bitginli hasyllygy bilen tapawutlanýan täze ýapon armydyny ösdürip ýetişdirdi. Bagban Ahmet aga bäş ýyl mundan ozal eken bu ýapon armydynyň nahalyny Türkiýe döwletinden getiripdir. Adyndan belli bolşy ýaly, armydyň bu görnüşi Ýaponiýa döwletinde has köp ýaýrandyr. Ýapon armydy adaty armytdan tapawutlylykda, uzyn saply, ýerligi açyk goňur reňkde, ýüzünde sary menekleri bolan, içi suwly, togalak görnüşinde ýetişýän miwedir. Daşky görnüşi boýunça ol alma meňzeşdir. Ýapon armydy bitginli ekinleriň biri bolup, howa şertlerine örän çydamlydyr. 5-6 ýylyň içinde ýetişýän ýapon armydynyň her agajyndan 10-20 kilogram hasyl almak bolýar. Onuň peýdaly taraplary sanardan kän bolup, iç keselleri, rak öýjüklerini bejermäge, deriniň ýüzündäki artykmaç ýaglary aýyrmaga, bedendäki çyglylygy sazlamaga, çüýrükleri, agyz içinde emele gelýän bakteriýalary arassalamaga giňden ýardam edýär.

Ogulnar AZAT GYZY,
«Diýar».