Güýz hakda

14 Sentýabr 2022
1289

Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür.
Güýz sürmek — gury suwarmak.
Güýzde inçelder, ýazda ýolar.
Güýzüň gelşi ýazyndan belli.
Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz.
Bahardaky hereket, güýzki bereket.
Mizandan soň güýz ýok.
Mizanda urmasam, hazanda uraryn,
Hazanda urmasam — akrapda,Ş
Akrapda urmasam, ahyretde hem urmaryn.
Üç ýazlyk — bir güýzlük.
Üçlese güýzlük, bolmasa ýazlyk.
Ýapagaly ýaşyl çemen güýze galmaz.
Ýaz aksyz bolma, güýz — göksüz.
Ýaz sagymsyza, güýz gawunsyza sala-da salma, onuň bilen goňşam bolma!
Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde — taýak bilen.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan.