Inçe ýaprakly igde

14 Sentýabr 2022
1233

Inçe ýaprakly igde boýy 3 — 7 metre ýetýän köpýyllyk agaçdyr. Ol howanyň yssysyna, gurakçylyga we şor topraga çydamly bolup, gabygy gyzylymtyl-goňur reňkli, şahalary ýiti tikenlidir. Inçe ýaprakly igde aprel — maý aýlarynda gülleýär, miwesi sentýabr aýlarynda bişip ýetişýär. Miwesi togalak, bişen döwründe goňur reňkli bolýar. Tohumyndan we çybygyndan köpelýär. Onuň köki, sütüniniň gabygy, ýapragy, güli, miwesi we tohumy dermanlyk çig mal hasaplanylýar. Köki we gabygy ir baharda ýa-da güýzde, ýapraklary we gülleri ösümlik gülleýän döwründe, miweleri we tohumy bişen döwründe ýygnalýar.

Miweleri tokaýlarda ýaşaýan sülgünlere, ýabany haýwanlara iýmit bolup hyzmat edýär. Ýapragyndan ýaşyl reňk, kökünden sary reňk alynýar. Onuň gülünden balarylary iýmitlenýär. Bu daragtyň çuň ösen kökleriniň süýşýän çägeleri saklamakda ähmiýeti uludyr. Ol bezeg ösümligi hökmünde hem ösdürilip ýetişdirilýär. Igde 5-6 ýaşynda miwe berip başlaýar. Takmynan, 60 — 80 ýyl ýaşaýar.

Rejep JORAÝEW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.