"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Işjeň hyzmatdaşlyk — üstünliklere badalga

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ähli ugurdaky, şol sanda söwda-ykdysady babatdaky hyzmatdaşlygy barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Geçen hepdede Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady, ulag, energetika, senagat, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Ylaýta-da, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak esasy wezipeleriň biridir. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin bolsa uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu jähetden, telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, işewürleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileriniň guralmagynyň möhümdigi barada aýratyn bellenilip, türkmen we gyrgyz kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna çekmäge döwlet tarapyndan

Aşgabat duşuşygy: strategik hyzmatdaşlygyň täze çelgileri

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň jemlerine Ýer ýüzüniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, sebit we dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürýän Türkmenistan bu gün ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Mizemez dost-doganlyk ýörelgeleri, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy, medeni umumylyklar nazara alnyp, strategik derejä çykarylan türkmen-gyrgyz gatnaşyklary bolsa iki ýurduň Liderleriniň tagallalary esasynda ösüşiň täze basgançagyna gadam goýdy. 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyran Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty dolulygyna açyp görkezýär.

Sebitleýin hyzmatdaşlyk ugrundaky halkara mediaforum

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hoşniýetlilige, dost-doganlyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty dünýä giňişliginde özüniň oňyn ykraryna eýedir. Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda köptaraplaýyn başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tanalýar. 30-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforum hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: hoşniýetli gatnaşyklaryň işjeňligi

29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek.

Durmuş goraglylygy ugrunda

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna BMG-niň Ählumumy Gün tertibini durmuşa geçirmäge gatnaşýan agentlikleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatynyň gün tertibinde BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmegiň maksatlary hem-de wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem BMG-niň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň çykyşlary we ilatyň dürli gatlaklaryna durmuş goldawyny bermegiň ähmiýetini beýan edýän wideoşekiller täsirliligi bilen tapawutlandy. Çykyşlarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» goldawa mätäç raýatlar üçin durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň gurluşyny we işini kämilleşdirmek, salgylaýyn durmuş kömegini bermek ulgamyny girizmek, durmuş taýdan goraglylyk boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Hoşniýetli gatnaşyklar dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň iňňän öňdengörüjilikli «Açyk gapylar» syýasaty her bir türkmenistanlyda uly ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Ata Watanymyza buýsanjymyzy, söýgümizi goşalandyrýar. Öňe sürülýän ajaýyp başlangyçlar, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, dünýäniň ençeme döwletleri bilen alnyp barylýan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup, halkymyza rowaçlyklar hem-de şan-şöhrat getirýär. Şu ýylyň 27 — 28-nji iýunynda dostlukly Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelmegi, ýokary derejede geçirilen gepleşikler we kabul edilen resminamalar iki ýurduň arasynda giň gerimli möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklere tarap barýandygyny, milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugrunyň barha rowaçlanýandygyny dünýä aýan etdi.

Dostluk ýollarynyň täze sepgidi

Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, adamlaryň arasynda agzybir gatnaşyklary berkitmek iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, milli mirasymyzy umumadamzat gymmatlyklarynyň ýokary derejesine çykarmak bilen halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Ol köprüler, ilki bilen, goňşy ýurtlarymyz, sebit döwletleri bilen aralykda gurlup, özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýan ýurtlarynyň biri-de dostlukly Gyrgyz Respublikasydyr. Baý taryha we gadymy däp-dessurlara eýe bolan ol gatnaşyklar ajaýyp zamanamyzda täze basgançaklara çykýandygyny Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri hem dünýä äşgär etdi. Türkmenistan hem Gyrgyz Respublikasy halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy görnüşlerine we häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetiniň senagat ugruny işjeň ösdürýän döwletler bolmak bilen, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Gura

Aşgabat — arzyly mekan

Paýtagtymyz Aşgabat hemişe guýmagursak zehini, tebigy ukyby bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýan şahsyýetleriň üns merkezinde boldy. Biz paýtagtymyza myhman bolan tanymal şahsyýetler bilen tanyşdyrmagymyzy dowam edýäris.

Türkmenistan – Gyrgyz Respublikasy: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Oguz han adyndaky Köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler boldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşülenden soň ikiçäk görnüşinde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz gyrgyz Liderini sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, belent mertebeli myhmanyň Gyrgyz Respublikasynyň baştutany hökmünde biziň ýurdumyza guran ilkinji saparynyň örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ruhy umumylyk arkaly baglaşýan iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen nygtady. Taraplar sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyş

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Ykdysady hyzmatdaşlyk — rowaçlygyň ýoly

Ýurdumyz halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG we onuň iri düzüm birlikleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şu ýerde türkmen Bitaraplygynyň dünýäde biragyzdan goldanylmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýasy ornuny aýratyn bellemek ýerlikli bolar. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu sebitleýin gurama ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabat sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýtmak buýsandyryjydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitde ykdysady goşulyşmagyň we adamlaryň abadan durmuşynyň kepili bolar.

Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk özara gatnaşyklarynyň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle-de türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzda medeniýetiň hem-de bilimiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak

Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

AŞGABAT, 30-njy iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda

29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek.

Halkara mediaforuma gatnaşyjylara söz berýäris:

Hadi SOLEÝMANPUR,Ykdysady HyzmatdaşlykGuramasynyň Baş sekretary: — Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň aýratynlyklaryna ünsi çekmek isleýärin. Biziň sebitimizde ýurtlaryň däp-dessurlarynyň umumylygy esasynda ykdysady we medeni ugurlarda gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin amatly şertler bar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ozaldan dowam edip gelýän özara ykdysady hyzmatdaşlygyny häzirki wagtda-da saklap galmagy sebitiň esasy aýratynlygydyr. Guramanyň agza ýurtlaryny taryhy kökleriň hem-de medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol umumy gymmatlyklarda-da türkmen jemgyýetiniň aýratynlyklary äşgär bolýar. Parahatçylyk söýüjilik türkmen halkyny tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir. Hut parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi hem Türkmenistanyň sebitde alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypalar

Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak esasynda, sebitde asudalygy pugtalandyrmak ugrunda umumadamzat bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary döwletimizde hoşniýetli parahatsöýüjilik syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. DOSTLUK, ÖZARA YNANYŞMAK, HOŞNIÝETLILIK

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler boldy. Söhbetdeşlikleriň başynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen dostlukly döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň bu gün ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn

Özara bähbitli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

Parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň derejesini has-da gowulandyrmagy maksat edinýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny görkezmek bolar. Şol gün döwlet Baştutanymyz degişli yzygiderlilikde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury, «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy, «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewi, Fransiýanyň meşhur «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgandy, Ukrainanyň «Inte

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary täze derejä çykýar

Şu hepdäniň duşenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Oguz han adyndaky Köşkler toplumyna bardylar. Bu ýerde ikiçäk görnüşindäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.