"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýewropa bileleşigi döwletlerine eksport etmegiň kadalary

Türkmenistan – HHR: uzakmöhletli strategik hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Hormatly Prezidentimiz HHR-iň daşary işler ministri Wan Ini mähirli kabul edip, bu sapara Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi. Biz hytaýly dostlarymyzyň gazanan üstünliklerine begenýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň uzakmöhletli strategik hyzmatdaş bilen köpugurly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Hytaý bilen hyzmatdaşlyk diňe bir iki doganlyk ýurduň halklarynyň bähbitlerine kybap gelmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Döwlet Baştutanymyz we myhman taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň özara

Türkmenistan sebitiň we yklymyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň köprülerini gurýar

Diýarymyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny netijeli ulanmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi. Hormatly Prezidentimiz ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Bu ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan — Hytaý: däp bolan gatnaşyklar kämilleşdirilýär

13-nji iýulda «Oguzhan» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Ýurduň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

Türkmen — Hytaý hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry

Öňňin “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Arkadagyň ulag diplomatiýasy

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanýan ýylynda eziz Watanymyzyň şanyna şan goşýan, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we özgertmeler ýoly bilen düýpli ösdürmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli uly tutumlar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalaryň biri hem ulag-aragatnaşyk düzümi bilen baglanyşyklydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen eziz Watanymyzyň häzirki zaman geoykdysady strategiýasynda üstaşyr ulag ulgamyny döretmäge aýratyn orun berilýär, beýleki döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalar amala aşyrylýar. Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny intermodal logistika merkezleriniň we guryýer portlarynyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamynyň kemala gelmegi ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň barşy bilen tanyşmagy hem bu işleriň yzygiderli häsiýete we sazlaşykly ösüşe eýedigini görkezýär. Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy we aýlagyň şahasy bilen tanyşdy. Bu ýerde

Halkara gatnaşyklar berkidilýär

Şu hepdäniň çarşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk, ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikir alşyldy.

Halkara tejribeden ugur alyp

Ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmak bilen, bu babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen bir hatarda, beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk babatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF), Bütindünýä maliýe aňtawçylyk edaralarynyň bileleşmesi bolan Egmont we Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparlarynyň hem-de ugurdaş beýleki halkara guramalaryň düzümleriniň çäklerinde netijeli işleri amala aşyrýar. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we maksatnamalarynyň düzgünlerine pugta eýerip, bu guramanyň Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine garşy gö

Türkmenistan — BMG: parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy 5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Kalbym buýsançdan doly

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri gün-günden ýokary depginlere eýe bolup, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna, halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine oňyn şertleri döredýär. Halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymlarynyň mynasyp paýy bar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan bilim ojagynda fakultetleriň dördüsi, kafedralaryň altysy bolup, talyplara halkara gatnaşyklary boýunça bilim berilýär, merkezleriň üçüsi hereket edýär. Geçen aýyň 11-ne hormatly

Möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimizi şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Aşgabat - Siti» sanlar we maglumatlar:

— Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. — Toplum dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alar.

Türkmenistan — BMG: wajyp wezipeler, täze çemeleşmeler

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmek üçin çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir» diýip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyna beren anyk kesgitlemesini ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň, halkara giňişlikde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasy çelgisi hasaplamak bolar. Milli Liderimiziň 5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygy baradaky söhbedimizde-de hut şu jümläni esas edip almagy maksadalaýyk hasapladyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyna yzygiderliligiň, toplumlaýynlygyň hem öňdengörüjilikli çemeleşmäniň mahsusdygyny geçilen ýyllaryň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmenistan soňky 15 ýyla golaý wagt bäri, daşary syýasatyny-da şeýle çemeleşme bilen amala

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri

Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Aziadanyň mirasy «Forum plýus» žurnalynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edilýän «Forum plýus» žurnalynyň «Binagärlik ýyly» atly ýörite taslamasy hut şu tema bagyşlandy. GDA-nyň şäherlerinde häzirki zaman binagärligi hakynda gürrüň berýän makalalar tapgyryny «Aşgabat Aziadasynyň mirasy» atly makala açýar. Onuň awtory «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň jogapkär kätibi Ruslan Muradow.

Halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleriniň çäklerinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda amala aşyrylýan işler hem barha rowaçlanýar. Bu babatdaky tagallalar netijesinde ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwaty artýar. Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.