"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen

11-nji iýun­da hor­matly Pre­zi­den­timiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Kabi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, il­ki bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa­ny hem-de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýe­wi gö­ni ara­gat­na­şy­ga ça­gyr­dy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bir topary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2021-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyplary — senagat--tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Begli Kerimowiç Geldiýew (1-nji orun — noutbuk), kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kowus Ahmedowiç Ahmedow (2-nji orun — noutbuk) hem bar. Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerimiz halkara gatnaşyklarda giň ykraryýete eýe bolýar

10-njy iýunda Adalat köşgüniň mejlisler zalynda döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen bu maslahat Ýokary kazyýet, Daşary işler ministrligi hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ylmy-amaly forumyň gün tertibine adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, döwletliligi we milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Resmi habarlar

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. * * *

Belent üstünliklerden täze ýeňişlere

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri we Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklary hakyndaky hoş habar bilen başlady.

Kämillik ýolundaky ynamly ädimler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamy täze belentliklere çykýar. Munuň özi bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ylymly-bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda açylan Döwlet gullugy akademiýasyna hem uly orun degişlidir. Akademiýada hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, okuw sapaklary dünýä ülňülerine laýyklykda guralýar. Professor-mugallymlar — halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň tanymal bilermenleri, meşhur ykdysadyýetçiler, hukukçylar, ynsanperwer ugurlar boýunça ussat hünärmenler tarapyndan guralýan sapaklar mazmun baýlygy hem-de döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Zähmet hukugy, dolandyryş hukugy, dolandyryşyň psihologiýasy, sosial barlaglaryň nazaryýeti hem-de usulyýeti, ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklarynyň kanunalaýyklygy, bazar ykdysadyýetiniň häsiýeti, harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy, halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň guralyşy, onuň ileri tutulýan ugurlary, önümçilige täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kärhanalaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň ýola goýulyşy, adam faktory, hünärmeniň dil taýýa

Kazyýet we sanly ulgam

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de başlangyçlarynyň netijesinde, döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalarydyr maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi, ähli ugurlar bilen bir hatarda, kazyýet ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we kazyýetleriň işiniň hil taýdan ýokary derejelere ýetmegini şertlendirýär. «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017—2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, kazyýet edaralarynyň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi hem-de bu işlere döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, olar bilen bagly ýörite programmalary işe girizmek boýunça wezipeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi kazyýet edaralarynyň arasynda maglumatlaryň çalt we elýeterli dolanyşygyna ýardam edýär.

Sagdyn jemgyýetiň sütüni

Garaşsyz ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri adam hukuklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklarynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen döwrebap kadalaryň özenini düzýär. Çünki raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esaslaryny hem borçlaryny kesgitleýän kadalar Esasy Kanunymyzda giňden beýan edilýär. Häzirki wagtda döwletimiziň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasynda adamlar, ýaşaýşymyzyň asudalygy, durmuşymyzyň abadançylygy, jemgyýetimizde maşgala binýadynyň berk hem sagdyn bolmagy baradaky aladalar durýar.

Halal zähmet — baky döwlet

Oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen daýhanlaryna döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, oba hojalyk pudagy okgunly ösüşe eýe boldy. Bular barada milli Liderimiziň şu hepdäniň çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi. Iş maslahatynyň gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Maslahat ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hakyndaky hoş habar bilen başlandy.

Yhlasly zähmet üstünlige ýetirýär

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Durmuş ulgamy — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry

Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede şu ýylyň bäş aýynda halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara 2022-nji ýyl üçin niýetlenen maksatnamany işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, saglygy goraýyş we durmuş ulgamlary üçin iri maýa goýum serişdelerini bölüp bermek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Döwlet býujetini taýýarlamagyň hem-de ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly bolmagyna ünsi çekýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, onuň amatly ýaşaýşynyň yzygiderli ösdürilmeginiň üpjün edilmegi häzirki döwürde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möhüm bölegidir.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her günde zähmet ýeňişleri gazanylýar. Şanly wakalar köpmilletli agzybir halkymyza täze zähmet ýeňişleriniň döredijilik joşgunlaryny eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň pileçileriniň gazanan zähmet üstünlikleri hakynda berlen hasabat hem raýatlarymyzyň kalplaryny egsilmez buýsanja besledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek babatda döredýän ähli taraplaýyn şertleriniň netijesinde pileçilik ulgamy yzygiderli ösýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem habar berlişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän şu ýylynda zähmetsöýer ýüpekçilerimiz giň gerimli döwlet goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Döwran ATAÝEW, Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist: 

Ýurdumyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizilen bu maslahaty açyp, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýeriň hasabatynyň başynda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar aýdyldy.

Maksatlar aýdyň, wezipeler anyk

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça şu ýylyň 5 aýynda guwandyryjy netijeler gazanyldy Mälim bolşy ýaly, 4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi. Şoňa görä, 7-nji iýunda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Toplumlarda guralan maslahatlarda milli ykdysadyýetimiziň degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, öňde duran wezipeler aýdyňlaşdyryldy.

«Aşgabat-siti» — döwrebap megapolis

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy we Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu dabaralar häzirki wagtda milli Liderimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde baş şäherimiziň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşip, özgerýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Muňa Aşgabadyň Aziýanyň «merjen şäheri» diýen belent ykrara eýe bolmagy doly şaýatlyk edýär.